15.01.2026
DÜNÝÄ

Täjigistanyň we Özbegistanyň liderleri telefon arkaly gepleşdiler.

Täjigistanyň prezidentiniň metbugat gullugy prezident Imomali Rahmonyň Özbegistanyň prezidenti Yslam Karimowa duşenbe güni jaň edendigini habar berdi. Bu telefon gepleşigi täjik-özbek diplomatik gatnaşyklarynyň 20-njy ýyldönüminde geçirilipdir. 

Taraplaryň birek-biregi gutlap, ikitaraplaýyn gatnaşyklary osdürmäge umyt bildirendikleri habar berilýär. Iki goňşy döwletiň ýolbaşçylary soňky döwürde seýrek gepleşýärler.

Ýurtlaryň aragatnaşyklary suw resurslarynyň we energetika proýektleriniň üstündäki dawalar sebäpli dartgynly bolmagyna galýar.

Özbegistan Täjigistanyň Rogun gidroelektrostansiýasyny gurmagyna garşy çykýar we bu proýektiň Özbegistany suwsuz galdyrjagyny aýdýar. Daşkent Täjigistana gaz we elektrik togunyň eksportyny, şeýle-de demirýol gatnawyny çäklendirdi.

Degişli makalalar

Kerzeý resmi sapar bilen Türkmenistana gidýär

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

syrach

Ýük Daşaýjylar Üçin Onlaýn-Hyzmatlar