26.9 C
Aşkabat
01.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary Ýurt Kompaniýalarynyň Ýolbaşçylaryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşary Ýurt Kompaniýalarynyň Ýolbaşçylaryny Kabul Etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryny – Russiýanyň “BTK Holding” kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Taýmuraz Bolloýewi we “Renaissance Holding” türk kompaniýasynyň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Myhmanlar wagt tapyp kabul edendigi hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň möçberli özgertmeler syýasatynyň uly üstünlige eýe bolýandygyny bellediler. Şol özgertmeler bolsa Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösmegine, halkara giňişliginde abraýynyň has-da artmagyna kuwwatly itergi berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow meşhur kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny mübärekläp, Russiýanyň we Türkiýäniň Türkmenistanyň strategiki hyzmatdaşlary bolup durýandyklaryny nygtady. Olar bilen özara gatnaşyklar netijeli hem-de uzak möheltli häsiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýeti hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmekde dostlukly ýurtlaryň işewür toparlarynyň saldamly goşandyny kanagatlanma bilen belledi. Häzirki wagtda bu netijeli hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolup, dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň möçberli bilelikdäki taslamalarda öz beýanyny tapýar.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň, ilkinji nobatda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge hem-de senagatlaşdyrmaga, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri döretmäge we ýokary hilli hem-de eksport ugurly önümleriň köp görnüşlerini çykarmaga gönükdirilendigi bellenildi.

Russiýa Federasiýasynda iň iri kompaniýalar toparyna – ýeňil senagatynda ýöriteleşdirilen “BTK Holding” kompaniýasyna ýolbaşçylyk edýän Taýmuraz Bolloýew özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada öz tekliplerini hödürledi.

Myhman daşary ýurt işewürligi üçin has oňaýly şertler döredilen geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, holdingiň öňdebaryjy tejribäni hem-de iň täze tehnologiki işläp taýýarlamalary ulanyp, dokma senagatyny ösdürmek, öňdebaryjy kärhanalary döretmek baradaky taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny nygtady.

Bellenilişi ýaly, bu senagat ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar köpdür. Pudaga saldamly maýa serişdeleriniň goýulmagy, onuň tehnologiýa taýdan çalt depginler bilen ösmegi netijesinde Türkmenistanda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalary jemlenendir. Şu işleriň amala aşyrylmagy netijesinde pudagyň kärhanalarynda ýokar hilli önümler öndürilýär. Biz çig maly almakdan başlap, taýýar önümleri çykarýan bilelikdäki kärhanalary döretmäge çenli önümçiligiň ähli tapgyrlarynda hyzmatdaşlyk etmäge şatdyrys diýip, russiýaly işewür aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň başlangyçlaryny, hususan-da, ýurdumyzda “BTK holdingiň”
wekilhanasyny döretmek baradaky başlangyjyny makullap, logistika ugruny hem ösdürmegiň möhümdigini belledi. Şu babatda milli Liderimiz şu ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçiriljek giň möçberli forumyň – Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň ähmiýetini belledi.

Öz nobatynda, türk holdinginiň ýolbaşçysy Erman Ylyjak gurluşyk ulgamynda köp ýyllap bilelikde işlemek babatda toplanan üstünlikli tejribäniň kompaniýanyň biziň ýurdumyz bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigine şaýatlyk edýändigini aýtdy. Işewür döwlet Baştutanymyzyň özlerine ynanylan taslamalary durmuşa geçirmek boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda Ahal welaýatynyň çäginde tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy barada habar berdi.

Myhmanlar bildirilen belent ynam üçin hoşallyk bildirip, öz kompaniýalarynyň buýrujy tarapyndan öňe sürülýän şertleri birkemsiz ýerine ýetirjekdiklerine hem-de türkmen Lideriniň täze taryhy eýýamda öňe süren özgertmeler maksatnamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryna ynandyrdylar.

Degişli makalalar

Döwlet Immunizasiýa Maksatnamasy-Halkyň Saglygy Baradaky Alada

turkmenhabargullugy

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Bilen Duşuşyk

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy