05.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar WİDEO

Sportuň Taryhynda Ilkinji Gezek Aşgabat 2017-de Elektron Sporty Boýunça Ýaryşlar Geçirilýär

Sportuň Taryhynda Ilkinji Gezek Aşgabat 2017-de Elektron Sporty Boýunça Ýaryşlar Geçirilýär

Bu Oýunlarda elektron sporty ilkinji gezek görkezme ýaryş hökmünde tanyşdyrylar. Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sport taryhynda ýene bir täze sahypa açylar.

Adamlaryň köpüsi kompýuter we wideo oýunlaryny dünýäde iň tiz ösýän we iň ýokary basgançakda duran sport oýunlaryň biri hasaplaýarlar. Kompýuter oýunlarynda özleriniň ussatlygyny kämilleşdirýän, tiz çykalga tapýan we hereketleriň sazlaşygyny ökdelik bilen ýerine ýetirýän köp sanly şahslar we toparlar bar. Elektron sportunyň görkezme çykyşlaryna gatnaşýan türgenler hem Aşgabat 2017-niň beýleki ýaryşlaryna gatnaşýan türgenler bilen deň derejede hasaplanýarlar.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäginde geçirilýän elektron sportunda dünýäde iň meşhur hem-de iň çylşyrymly hasaplanylýan, şol sanda “Dota II”, “Starcraft II”, “King of Fighters XIV” şeýle hem “Hearthstone” oýunlary boýunça ýaryşlar geçiriler.

Oýunlarda “Teehee,” “xEunji,” we “Pingfanzhilu” (filippinli Jon Linuel Abanto, laosly Nanthanakone Vongxay, hytaýly Liu Shuda) ýaly lakamlary sportuň beýleki görnüşleriniň janköýerleri üçin belli bolmasa-da, bütin dünýäde elektron sportunyň müňlerçe janköýerleri beýleki ýokary liganyň türgenlerine hormat goýuşlary ýaly, elektron sportunyň hem iň ökde oýunçylaryna sarpa goýýarlar hem-de örän gowy görýärler.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda geçirilýän elektron sporty boýunça 11 sany ýurt, ýagny Iordaniýa, Eýran, Gazagystan, Owganystan, Mongoliýa, Hytaý, Laos, Wýetnam, Hytaý Taýpeý, Filippinler hem-de ýaryşlary geçirýän ýurt bolan Türkmenistan öz aralarynda ýaryşarlar.

Elektron sporty ýaryşlary 25-nji sentýabrda başlaýar we 27-nji sentýabra Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň iň soňky gününe çenli dowam eder.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynda Ukraina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Bilen Duşuşyk Geçirildi

Ýylyň Birinji Çärýeginde Senagat Önümçiliginiň Döwlete Degişli Bolmadyk Ulgamynda Depginli Ösüş Hasaba Alyndy

“Türkmenkabel” Zawodynyň Işgärleri Şu Ýerde Tikilýän Iş Eşigi Bilen Üpjün Edildi

turkmenhabargullugy