15.01.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Topar Uçastok we Okrug Toparlarynyň Işgärleri Üçin Seminarlary Gurady

Türkmenistanda 31-nji martda geçiriljek Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möheltinden öň çykyp gidenleriniň ýerine saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär.

Saýlawlara taýýarlyk we olary geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda 4-nji we 5-nj fewralda welaýat, etrap, şäher we okrug saýlaw toparlarynyň işgärleri üçin okuw seminarlary gurnaldy. Okuw-türgenleşikleri olaryň hünär mümkinçiligini we hukuk bilimlerini ýokarlandyrmaga gönükdirildi.

Duşuşyklarda Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri uçastok we okrug toparlarynyň işgärlerini degişli kadalaşdyryjy-hukuk resminamalary, şeýle hem wajyp jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlygyň we ony geçirmegiň usulýet ugurlary bilen tanyşdyrdylar.

turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Paýtagtmyzyň Gurluşygynyň 15-nji Tapgyry Özboluşly Binagärlik Çözgütleri we Infrastruktura Taýdan Bütewiligi Bilen Tapawutlanýar

Daşoguzly Telekeçiler Pomidor Agajyny Ýetişdirmegi Göz Öňünde Tutýarlar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach