15.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Oba Hojalygynda Ulanylýan Ýerleri Sebitleşdirmek Meýilnamasyna Laýyklykda Gök-Bakja Ekinleriniň Hasyly Ýygnalýar

Oba Hojalygynda Ulanylýan Ýerleri Sebitleşdirmek Meýilnamasyna Laýyklykda Gök-Bakja Ekinleriniň Hasyly Ýygnalýar

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi döwlet baştutanynyň tassyklan oba hojalygynda ulanylýan ýerleri sebitleşdirmek meýilnamasyna laýyklykda gök-bakja ekinlerini öndürmeklige daýhan birleşikleri we hojalyklary, kärendeçiler we ekerançylar bilen şertnamalar baglaşdy.

Oba hojalyk önümlerini öndürýänler öz ýetişdiren hasylyny döwlete tabşyrybam, özbaşdak ýerläbem bilerler. Hatarynda döwlet birleşiginiň oba hojalygy we usulýetler bölüminiň hünärmenleri bolan döwlet iş topary önümiň hiline baha berýär we ony saklamak, gaýtadan işlemek ýada ter görnüşde satmak üçin satyn almalydygyny ýada almaly däldigini kesgitleýär. Gök önümleri ýerlerdäki welaýat „Miwe“ Agroseanagat birleşikleri kabul edýär we saklaýar. Döwlet barlagyndan geçen gök önümler Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň bölek satuw nokatlaryna çykarylýar.

Gök önümler döwlet birleşiginiň kärhanalarynda-üwmeç-konserwa zawodlarynda, şeýle hem „Ruhubelent“ PJ-nde gaýtadan işlenilýär, olarda öý hojalykçylaryň ulanýan usulynda jemler we mürepbeler, gök önümler dürüşdesidir ragu, duzlanan gök önümler, şerbetler taýýarlanylýar.Şunda döwlet olara goşulýan önümleriň howpsuzlygyna, ekologiýa taýdan arassalygyna kepil geçýär.

Döwlet tabşyrygyna laýyklykda suwarymly meýdanlaryň ýeralma 9085 , käşir-2130 , düýp sogan-3140, pomidor- 2600, bakja ekinleri 10735 gektar ýerine ekiler. Her sebitiň toprak-howa aýratynlyklaryna laýyklykda oba hojalyk çäreleriniň uýgunlaşdyrylan usullary işlenilip taýýarlanyldy.

Häzirki wagtda ýeralmasy, käşir we düýp sogan ekilýär. Bakja ekinleri, pomidor, kelem, badamjan apreliň birinji ýarymynda ekilip başlanar. Ýerler deslapdan taýýarlanyldy, suwaryldy we dökünler bilen gurplandyryldy. Mart aýynda aralyk ekin hökmünde mallar üçin ot-iýmlik ekinler ekilýär, olar käte ýylda iki gezek hem ýetişdirilýär. Käbir sebitlerde maldarçylyk pudagy üçin güýzlük arpa-da ekilýär.

Degişli makalalar

Сообщение для СМИ

turkmenhabargullugy

Aşgabadyň 30-njy Kiçi Etrapçadaky AÝGB-nyň Durky Täzelenilýär

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Leýli Bilen Tanyş Boluň!