22.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanda Aziýada Iň Iri Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumlaryň Biri Açylar

Türkmenistanda Aziýada Iň Iri Dag-Magdan Baýlaşdyryjy Toplumlaryň Biri Açylar

Türkmenistanda ilkinji we Aziýada iň iri kärhanalaryň biri bolan Garlyk dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň işe girizilmegi milli ykdysadyýetimizde täze bir pudagyň –dag-magdan pudagynyň döremegini alamatlandyrar. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ähli halk hojalygy toplumyny tiz wagtda senagatlaşdyrmak boýunça öňe sürýän ykdysady syýasatynyň öňdengörüjilikliliginiň aýdyň güwänamasy bolar.

Köýtendag etrabynda, Amyderýanyň sag kenarynda, kaliý duzlarynyň Garlyk ýatagynda dag-magdan gaýtadan işleýi senagatyň iri merkezi dörediler.

Kaliý duzlarynyň ýataklary örän seýrek gabat gelýär. Garlyk ýatagy bolsa kaliý duzlarynyň uly gorlaryny özünde saklaýar. Bilermenleriň baha bermegine görä, ol çig malyň hil derejesi daşary ýurtlardaky kaliý duzlarynyň hil derejesinden ýokarydyr.

Çig mal ýatagyny işlemek, onuň çäklerinde kuwwaty ýylda 1,4 million döküne barabar bolan kaliý duzlaryny almak we baýlaşdyrmak boýunça senagat kärhanasynyň gurulmagy Türkmenistany bu ugurda iri öndürijileriň hataryna çykarar hem-de önümiň bu görnüşini eksport etmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri bolan ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösüşinde täze sahypany açar. Kaliý çig malyny almak göz öňünde tutulýan Garabil ýatagynyň ähmiýeti hem örän uludyr.

“Türkmenhimiýa” döwlet konsernini tarapyndan geçirilen halkara tenderiniň barşynda 2010-njy ýylda gurluşyga girişen APJ “Belgorhimprom” desganyň potratçysy boldy. Türkmenistanyň hökümeti tarapynlan ägirt uly önümçiligi döretmek doly maliýeleşdirildi. Diňe kombinatyň çäklerine getirilen enjamlaryň bahasy ABŞ-nyň ýüzlerçe million dollaryna barabar boldy.

Garlyk kärhanasynyň taslama kuwwatyna çykmagy üçin, her ýylda 7 million tonna magdany almak we gaýtadan işlemek göz öňünde tutulýar.

Senagat toplumynyň kuwwaty biňe bir oba hojalygyny ekologiýa taýdan arassa kaliý dökünleri bilen doly üpjün etmän, eýsem-de bolsa her ýyl gymmatly önümiň million tonnadan gowragyny eksporta ibermäge mümkinçilik berer.

Kärhananyň gurluşygynda 3 müň töweregi adam işleýär. Olaryň 2 müňe golaýy bolsa türkmenistanlylardyr. Bu taslamanyň amala aşyrylmaga başlanan wagtyndan bäri Türkmenistan onda işlejek hünärmenleri taýýarlamaga başlady. Olaryň birnäçesi bu ugurdan öňdebaryjy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerine okuwa ugradyldy, şeýle hem öz ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde täze ugurlar açyldy. Toplumyň geljekki işgärleri üçin tejribe işi hem guraldy.

Häzirki wagtda ulanylmaga berilmeginiň öňüsyrasynda kombinat diplomly inžener-tehniki we hünärli işçi hünärmenleriň ýüzlerçesi bilen üpjün edildi. Umuman, kärhanada 1700-den gowrak iş orny döredildi.

Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan senagat merkeziniň alkymynda täze ilatly nokady döretmek barada karar kabul edildi. 2011-nji ýylda ýörite kombinatyň işgärleri üçin Garlyk şäherçesiniň, has dogrusy şäheriniň düýbi tutuldy. Ol ýerde döwlet serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaýlary, durmuş maksatly binalar, umumybilim berýän we sport mekdepleri, medeniýet öýi, çagalar baglary, hassahana we beýlekiler guruldy. Bu ýere ähli zerur aragatnaşyk ulgamlary şol sanda demir ýol çekildi.

Häzirki wagtda bu ýerde häzirki zaman ulag-aragatnaşyk infrastrukturasy döredildi. Ýaňy-ýakynda Türkmenabat-Farap täze awtoulag we demir ýol köprüleri ulanylmaga berildi. Onda potratçy hökmünde Ukrain kompaniýasy işledi. Ondan öň bolsa, Amyderýanyň üstünden geçýän Atamyrat-Kerkiçi demir ýoly we awtoulag köprüsi, Türkmenbaşy-Farap awtoulag ýoly guruldy. Bu desgalaryň hemmesi halkara ulag-üstaşyr geçelgesiniň möhüm düzüm bölegi boldy hem-de göni we göçme manysynda Lebap welaýatynyň baý tebigy çig mal serişdelerini uly möwberde özleşdirmek üçin giň ýol açdy.

Häzir welaýat uglewodorod serişdeleriniň gory boýunça öňdebaryjy orunlary eýeleýär. Onuň çäklerinde onlarça täze ýataklar, şol sanda Türkmenistan-Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň başlanýan ýeri bolan Amyderýanyň sag kenary hem barlanyldy.

Garlyk şähzerçesiniň eteklerinde ýyllyk kuwwaty 1 million tonna önüm öndürmäge barabar bolan sement zawody işleýär. Mundan başga-da, Köýtendag etrabynda geologlar tarapyndan kaükürdiň, fosfadyň, daş duzyun,ň gipsiň, stronsiý üçin çig mal bolan selestiniň, polimetallaryň, hekiň we beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ençeme ýataklary açyldy. Olaryň esasynda, himiýa senagatyndan başga-da, gurluşyk serişdeleriniň önümçiligi hem güýçli depginde ösdüriler.

Kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça iri dag-magdan baýlaşdyryjy kombinatyň işe girizilmegi hem şu strategiki meýilnamalar bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. 200-den 1 müň metre çenli çuňlukda ýerleşen önümli gatlaklary açmak şahta usulynda amala aşyrylar. Ýüzden gowrak binalardan we desgalardan durýan topluma magdany dykyzlandyrmak we baýlaşdyrmak boýunça önümçilikler girýär. Ähli işler halkara ölçegine laýyklykda awtomatlaşdyrylan gözegçilik we dolandyryş astynda bolup geçýär.

Himiýa senagaty ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň çalt depginde ösýän pudaklarynyň biridir. Oba hojalygynda we obasenagat toplumynda özgertmeler bilen baglylykda, azyk bolçulygyny döretmek üçin biziň ýurdumyzda, şeýle hem tutuş dünýä ýüzünde yzygiderli isleg bildirilýän mineral dökünleri öndürmek boýunça ulgam ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bilermenleriň hasaplamagyna görä, bazaryň kaliý böleginde dünýä ýüzünde bu döküni peýdalanmagyň artmagy göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanda geljekde ägirt uly ykdysady girdeji berjek möhüm pudak desgalarynyň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň arasynda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda gurulýan Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherindäki ýyllyk kuwwaty 1 million 155 müň tonna barabar bolan karbamid zawody, Türkmenabat himiýa zawodynda ýyllyk kuwwaty 300 tonna dykyzlandyrylan fosfor dökünlerini öndürmäge barabar bolan täze bölüm bar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Sanly Wideoaragatnaşyk Arkaly Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

TÜRKMENISTAN TEBIGY GAZYÑ DÜNÝÄ BAZARLARYNA ÇYKARYLMAGY ÜÇIN ULY TAGALLA EDÝÄR

syrach