34.9 C
Aşkabat
16.06.2025
SPORT

Basketbol boýunça dostluk kubogynyň dördünji ýaryş badalga aldy.

Paýtagtymyzyň “Galkynyş” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda 17 ýaşdan uly bolmadyk ýetginjekleriň arasynda basketbol boýunça “Dostluk” kubogy ugrunda hasap boýunça dördünji ýaryş badalga aldy.

Hormatly baýrak ugrundaky bäsleşige iki topara bölünen komandalaryň sekizisi girdiler. “A” toparyna “Ahal”, “Mary” hem-de paýtagtymyzyň “Aşgabat-1” we “Olimp” komandalary girdi. “B” toparyny “Balkan”, “Daşoguz”, “Lebap” we “Aşgabat-2” komandalary düzdi.

Ýaryşyň düzgünine laýyklykda her topardan ýeňiji komandalaryň ikisi ýarym finala çykarlar. Şonda ýeňiş gazanan toparlar finalda baş baýrak ugrunda bäsleşerler. Ýeňilen toparlar bolsa, özara bäsleşikde bürünç baýragynyň eýesini kesgitlärler.

Oýunlaryň birinji gününden soň “A” toparda geçen ýylky ýaryşyň ýeňijisi “Olimp” hem-de 2012-nji ýylda geçirilen ýaryşyň bürünç baýragynyň eýesi “Aşgabat-1” iki utuk bilen öňde barýarlar. Olar degişlilikde “Mary” hem-de “Ahal” toparlaryndan 64:33 we 57:20 hasaby bilen üstün çykdylar.

“B” toparynda geçen ýylyň kümüş baýragynyň eýesi “Lebap” we “Balkan” toparlary degişlilikde “Daşoguz” we “Aşgabat-2” toparlaryny 67:17 we 62:27 hasap bilen ýeňdiler.

Basketbol ýaryşy 10-njy maýda tamamlanar.

Degişli makalalar

Geljekki Olimpiaçylaryň Üstünlikleri we Mümkinçilikleri

“Şir” Topary Hokkeý Boýunça Türkmenistanyň Birinjiliginiň Ýeňijisi Boldy

Türkmen Pälwanlarynyň Ýedi Medaly

syrach