01.03.2026
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýolagçylara edilýän hyzmatlary halkara derejelere çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň degişli kärhanalaryna Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde we Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýolagçy awtomenzilleriniň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak barada «Muhammet — Balkan» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.

Gurluşyk işlerine 2020-nji ýylyň fewral aýynda başlamak we ýolagçy awtomenzillerini 2022-nji ýylyň fewral aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Degişli makalalar

Astrahan Oblastynda «Türkmenistan-Bitaraplygyň Mekany» Temasyndan Çagalaryň Arasynda Döredijilik Gözden Geçirilişiniň Jemi Jemlenildi

turkmenhabargullugy

Ýurdumyzyň baş arçasynyň yşyklary nur saçdy.

syrach

Kikboksing Boýunça Türkmen Türgenleri Rigada Halkara Ýaryşynda Üstünlikli Çykyş Etdiler

turkmenhabargullugy