22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
DURMUŞ

Türkmenistanda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Günleri Açyldy

Ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky günleriniň açylyş dabarasy boldy hem-de onuň çäklerinde sungat ussatlarynyň konserti we tatar halk senetçiliginiň sergisi guraldy. 
Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna bagyşlanyp geçirilýän bu foruma gatnaşmak üçin Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Aşgabada geldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” we köptaraply halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň oňyn netijesi bolan bu çäre Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleriniň arasynda sazlaşykly ösýän gatnaşyklaryň möhüm bölegine öwrüldi. Tatarystan söwda-ykdysady ulgamda, maýa goýum işinde we senagaty döwrebaplaşdyrmakda awtomobil tehnikalaryny getirmekde, ýurdumyzda awtomobil sportuny we hokkeýi ösdürmekde ýurdumyzyň işjeň hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.  Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-tatar bilelikdäki iş toparynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine ýardam edýär. 

Tatarystanyň Türkmenistandaky günleriniň dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň döredijilikli çykyşlary we tatar senetkärleriniň däp bolan çeper sergisi bilen açylmagynda çuňňur many bar. Iki dostlukly halkyň ruhy gatnaşyklary dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň çägi ýokdur. Naberežnyýe Çelny şäheriniň “KamAZ Master” toparynyň “Ýüpek ýoly-2009” rally reýdini guramaga gatnaşandygyny bellemeli. Şeýle hem Aşgabatda we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guralýan döredijilik çärelerine Tatarystanyň toparlarynyň gatnaşmagy, türkmen artistleriniň türki halklaryň “Nowruz” halkara teatr festiwalyna,  atly toparymyzyň Kazan şäherinde geçirilen “Sabantuý” tatar halk baýramy mynasybetli guralan ýörite maksatnamada çykyş etmegi bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň gerimini alamatlandyrýar. Tatarystanyň alymlary, medeniýet işgärleri Türkmenistanda geçirilýän halkara ylmy maslahatlaryna we festiwallaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Uly netijeleri gazanýan Tatarystan bilen sport ulgamyndaky gatnaşyklar ýola goýuldy. Munuň özi ýurdumyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde has-da möhümdir. 

Tatarystanda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna ýörite dabaralaryň guralmagy, onuň eserleriniň tatar dilinde neşir edilmegi biziň  halkymyzyň ruhy mirasyna, gadymy    we baý medeniýetine bolan hormatdan nyşandyr. 

2012-nji ýylda Aşgabatda Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi we 2014-nji ýylda Kazanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi, baý ruhy mirasyň  çuňňur öwrenilmegi halklaryň has-da ýakynlaşmagyna kömek etdi.  

Tatarystan Respublikasynyň medeniýet ministri Aýrat Sibagatulliniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Aşgabatda geçirilýän döredijilik forumyna gatnaşmak üçin geldi. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Tatarystan Pespublikasynyň wekilleri – Milli kitaphananyň, Ýazyjylar birleşmesiniň ýolbaşçy düzümi, ýazyjylar we žurnalistler bilen duşuşyk geçirildi. Gyzyklanma bildirilýän gepleşikleriň barşynda medeniýet ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň we bu ugurda tejribe alyşmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Mukamlar köşgüniň zalynyň dolmagy Tatarystanyň Türkmenistanda geçirilýän günlerine bolan ýokary gyzyklanma güwä geçýär. Dabara medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, döredijilik toparlarynyň wekilleri, ýaşlar, tatar halkynyň sungatynyň köpsanly muşdaklary gatnaşdylar. Tatarystan Respublikasynyň wekiliýetiniň hatarynda medeniýet ulgamynyň, döwlet pudaklaýyn düzümleriň we işewür toparlaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri bar. 

Tatarystanyň taryhy we häzirki döwürde ýeten derejesi barada gürrüň berýän wideogörnüşler bu çärä özboluşly öwüşgin çaýdy. Onda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň has möhüm pursatlary, türkmen we tatar halklarynyň ruhy gymmatlyklary hem-de dostluk bilen baglanyşykly köp ugurly gatnaşyklary barada gürrüň berilýär. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň “Garmon” döwlet aýdym we tans toparynyň wokal-horeografiýa çykyşy dabarany dowam etdi. Sazyň, aýdymyň we tansyň  özboluşly baglanyşygynyň üsti bilen artistler tomaşaçylara ruhy lezzet eçildiler hem-de tatar halkynyň kalbynyň joşgunyny görkezdiler. 

Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow dabara gatnaşyjylaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi. Tatarystanyň baştutany hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegine beren goldawy üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, türkmen halkyny ýakynlaşyp gelýän mukaddes Garaşsyzlygyň 25 ýyllyk şanly baýramy bilen gutlady. Rustam Minnihanow häzirki döwürde Türkmenistanyň döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda gazanýan üstünlikleri bilen dünýä bellidigini aýdyp, doganlyk türkmen halkyna garaşsyzlygyň ösüş ýolunda täze belentliklere ýetmegi arzuw etdi. Myhmanyň  bu gezekki çäräniň iki halkyň gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany ýazjakdygyna hem-de täze mazmun bilen üsti ýetirilýän türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýola goýulýan ykdysady we medeni aragatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Ruhy dessurlar we medeni gymmatlyklaryň umumylygy halklarymyzy ýakynlaşdyrýar. Aýawly saklanan milli baýramçylyklar, olarda halklaryň ajaýyp däpleriniň, aýdymlarynyň, tanslarynyň we özboluşly ýörelgeleriniň utgaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Tatarystanyň Prezidenti halklarymyzyň baýramçylyklary giňden we ruhubelentlikde belleýändigini nygtap, Mukamlar köşgünde geçirilen bu çäräniň onuň özboluşly dowamyna öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Tatarystanyň Türkmenistandaky günleriniň açylyş dabarasynda edilen çykyşlarda bu çäräniň iki döwletiň dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen türkmen-rus  ynsanperwer aragatnaşyklarynyň aýratyn ähmiýete eýedigi bellenildi.

Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, Tatarystan Respublikasynyň aýdymçylarynyň we belli döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda uly konsert boldy.

Ilki bilen Mukamlar köşgüniň sahnasynda tatar artistleri “Aşgabat” diýen aýdymy ýerine ýetirdiler. Ol tomaşaçylar tarapyndan şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Bu gezekki çärä gatnaşýanlaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet aýdym we tans topary bar. Döredilenine 75 ýyldan gowrak wagt bolan bu topar iň meşhurlaryň biri hasaplanylýar. Toparyň aýdymçylary tatar halkynyň gadymy milli däplerine,  saz we tans sungatyna, amaly-haşam sungatyna bagyşlanan çykyşlary  ýerine ýetirýär. Bu gezekki medeni maksatnama toparyň horeografiýa çykyşy girizildi. Ol tatar we rus halklarynyň aýdymlary esasynda wokal çykyşlardan hem-de gülküli sahnalardan ybaratdyr.

Aşgabatlylar we paýtagtymyzyň myhmanlary ýene bir meşhur topar “Kazan nury” halk saz gurallary toparynyň  çykyşlary bilen tanyşdylar. Bu topar “Kazanyň ýüzi” hasaplanylýar. “Kazan nury” topary halk döredijiligine örän çynlakaý çemeleşip, ony ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Bu bolsa tomaşaçylarda uly täsir galdyrýar.

Kazanyň “Worožeýa” rus aýdymlary teatrynyň ýerine ýetirmeginde nusgawy kinofilmlerden ajaýyp aýdymlar ýerine ýetirildi. 

Döredilenine şu ýyl 25 ýyl bolan we halkara hem-de bütinrus bäsleşikleriniň ýeňijisi “Bolgar kyzlary” wokal üçlüginiň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren degişme bentleri özboluşly sowgat boldy. Çykyşlardaky ussatlyk we degişmeler  durmuşylygy, hakykata ýakynlygy bilen tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy.

Şeýle hem myhmanlar opera aýdymlaryny, romanslary, dünýä we tatar nusgawy saz sungatynyň eserlerini ýerine ýetirdiler. Ähli çykyşlar bilen birlikde wideoşekiller hem görkezildi we olar milli ýörelgeler bilen utgaşdy.

Milli lybaslar, joşgünly tanslar we ýakymly aýdymlar uly täsir galdyrdy. Tomaşaçylar artistleriň ussatlygyna şowhunly el çarpyşmalar bilen baha berdi. Tatarystanyň artistleriniň joşgunly tanslary has-da täsirli boldy. 

Bu gezekki medeni çäräniň maksatnamasyna türkmen we tatar artistleriniň bilelikdäki çykyşlary girizildi. Türkmen artistiniň tatar kärdeşi bilen ýerine ýetiren “Nar agajy” türkmen halk aýdymy ýygnananlara ajaýyp sowgat boldy. “Kazan nury” topary bilen Kazan döwlet medeniýet institutynyň talyby bolan biziň ildeşimiziň bilelikdäki çykyşy ýokary ussatlyga eýe boldy. 

“Dehistan” türkmen folklor toparynyň we Tatarystan Respublikasynyň Döwlet aýdym we tans toparynyň bilelikde ýerine ýetiren gadymy küştdepdi tansy has täsirli çykyşlaryň birine öwrüldi, olar sazlaşykly hereket etdiler. Şeýle gatnaşyklar halklara birek-birege düşünişmäge, sungatyň ajaýyp dünýäsini açmaga we ýakynlaşmagyň mümkinçiliklerine eýe bolmaga ýardam edýär. 

Döredijilik agşamynyň ahyrynda myhmanlar “Tatarystan hakynda aýdym” atly ajaýyp çykyşy ýerine ýetirdiler.

“Dostluk aýdymy” konsert maksatnamasynyň jemleýji çykyşy bolup ýaňlandy. Türkmen artistleriniň ýerine ýetiren we konserte gatnaşyjylaryň hemmesiniň goşulan bu çykyşy halklaryň doganlyk-dostlugynyň we barha berkeýän döredijilik birleşiginiň özboluşly senasyna öwrüldi.

Mukamlar köşgüniň eýwanynda tatar çeper senetkärleriniň işleriniň sergisi guraldy. Onda XIX-XX asyrlaryň senetçilik eserlerini täzeden dikelden häzirki zaman senetçileriň işleri görkezildi. Olaryň hatarynda milli lybaslar, zerli keşdeler, zergärleriň nepis işleri, neçjarlaryň eserleri, derä çekilen şekiller,  kalligrafiýa sungaty, saz gurallary bar. Häzirki döwürde senetçilik ösüş ýoluna düşdi. Halk ussalary asyrlar aşyp gelýän ýörelgeleri saklap, sungat eserlerini döwrüň ruhuna laýyklykda ýerine ýetirýärler. Şunda, milli şekiller we däp bolan usullar giňden ulanylýar.

Sergä gatnaşyjylar diňe bir bu ýerde görkezilýän gymmatlyklary synlamak bilen çäklenmän, eýsem, olary taýýarlamagyň usullary hakynda hem köp zatlary bildiler. Şeýle hem bu ýerde Tatarystanyň taryhyna we häzirki döwrüne bagyşlanan şekillendiriş sungatynyň eserleri hem-de fotosergi guraldy. Suratlarda Ýewropanyň we Aziýanyň çatrygynda ýerleşýän gadymy Kazan şäheri barada hem gürrüň berilýär. Olarda Kazan Kremli, metjitler we buthanalar, baý muzeýler hem-de kitaphanalar, ösen düzüm görkezilýär. Mälim bolşy ýaly, Tatarystanyň  paýtagty UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi we diplom hem-de medal bilen sylaglanyldy. 2009-njy ýylda Kazan şäheri resmi taýdan “Russiýanyň üçünji paýtagty” diýen  hukuga eýe boldy.

Sergide iki dostlukly halkyň gatnaşyklarynyň ösüşi barada gürrüň berýän fotoişler hem bar. Bu ýerde, serginiň türkmen bölüminde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň  medeniýetiniň we sungatynyň ýeten derejesi barada gürrüň berýän sergi hem guralypdyr. Onda ajaýyp türkmen halylary, milli lybaslar, bezeg şaýlary, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň etnografiýa gymmatlyklary,  Şekillendiriş sungaty muzeýiniň türkmen şekillendiriş merkezine degişli eserler, ýaş suratkeşleriň işleri görkezilýär. Neşir önümleriniň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna bagyşlanan işleri, halkymyzyň taryhy we medeniýeti barada gürrüň berýän kitaplar goýlupdyr.

Tatarystanyň Türkmenistandaky günler  dowam edýär. Onuň çäklerinde myhmanlaryň wekiliýetiniň işewürlik maslahatyna, Watanymyzyň mukaddes  Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna  gabatlanan ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşmagy meýilleşdirildi.

Degişli makalalar

Köp Çagaly Maşgalalara Döwlet Baştutanymyz Adyndan Täze Öýleriň Açarlary Gowşuryldy

Daşary Ýurt Raýatlarynyň Iş Rugsatnamasy

turkmenhabargullugy

«Marytelekom» Nyrhlary Peseldýär

turkmenhabargullugy