39.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SYÝASAT YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Magtymguly adyndaky Halkara baýraklary baradaky komitetiň düzümi tassyklanyldy.

***

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem söwda dolanyşygyny düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň çägine getirilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük paçlarynyň möçberleri;

Türkmenistanyň çäginden daşary alnyp gidilende gümrük paçlary bellenen käbir harytlaryň sanawy hem-de gümrük pajynyň möçberi tassyklanyldy.

Maliýe we ykdysadyýet ministrligine, Döwlet gümrük gullugyna Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

Karar 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan herekete girýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Kösükli Ekinler Şaly, Galla we Gowaça Ekilende Ekin Dolanşygynda Giňden Ulanylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Ýolbaşçysyny Kabul Etdi

Birža Täzelikleri

syrach