14.9 C
Aşkabat
15.03.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Aşgabatda TFF-niň Eminleriniň Gatnaşmagynda Okuw Ýygnanyşygy Geçiriler

29-njy fewral bilen 3-nji mart aralygynda paýtagtymyzda TFF-niň eminleriniň gatnaşmagynda täze möwsümiň öňüsyrasy ýörite okuw türgenleşik ýygnanyşygy geçiriler.

Türkmenistanyň çempionatydyr Kubogy ugrundaky ýaryşda eminlik edýän ýerli eminlerimiziň gatnaşmagynda okuw ýygnanyşygynyň gözükdirijisi hökmünde ýerli hünärmenler Allabergen Sapaýew, Wadim Baratow hem-de Maksat Seýitgulyýew çykyş edýärler.

Okuw ýygnanyşygynyň dowamynda gatnaşyjylar nazaryýetdir tejribe sapaklaryna gatnaşarlar. Okuwyň yzysüresi eminler FIFA-nyň düzgünnamasyna laýyk gelýän ýörite synaglardan geçerler.

Ýeri gelende bellesek, 3-4-nji martda gözegçi eminleriň gatnaşmagynda ýörite seminar geçiriler.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

syrach

Aziadanyň Başlanmagyna Çenli Galan 30 Gün Ekologiýa Çäresine Beslener

Ýeňiş Güni Mynasybetli Dabaralar

syrach