14.12.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

«Köpetdag» Futzal Boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy Kubogyny Eýeledi

Futzal boýunça ýurdumyzyň çempiony «Köpetdag» topary Naýbaşy Kubok ugrundaky duşuşykda «Migrasiýa» toparyndan üstün çykdy.

Olimpiýa şäherçesiniň sport toplumynda geçirilen duşuşykda hüjümde ynamly çykyş eden «Köpetdag» 5:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, arzyly Kubogy bassyr ikinji gezek eýelemegi başardy.

Ýeňiji bolan topara arzyly Kubogy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Baş sekretary Arslan Aýnazarow gowşurdy.

Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyna 9-njy martda badalga berler.

Naýbaşy Kubogy. Olimpiýa şäherçesi.

“Köpetdag” – “Migrasiýa” – 5:2

Gollar: Mülkaman Annagulyýew (3), Öwezbaý Muhammetmyradow, Arzuwguly Sapargulyýew (“Köpetdag”) – Gurbangeldi Sähedow, Ysmaýylmuhammet Öwekow (“Migrasiýa”)

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

“Altyn Asyr II”-Birinji Orunda

Daşary Ýurtlardan Getirilýän Harytlaryň Ýurdumyzda Öndürilmegi

turkmenhabargullugy

GDA-nyň Synçylar Toparynyň Aagzalary Dalaşgärleriň Ynanylan Wekilleri Bilen Duşuşyklary Dowam Edýärler