24.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Sanly Ulgam we Startup: Iň Gowy Makalalar Bäsleşigi

Global pandemiýa döwründe sanly ulgamyň ähmiýeti artdy we ykdysadyýeti sanlylaşdyrmak ulgamy has giň gerime eýe boldy. Dünýäde bolşy ýaly ýurdymyzda hem sanly ulgama geçiş tizlenýär, täze startuplar döreýär, biznesde täze eýýäm öz ornuny berkitýär.

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly tarapyndan hem sanly ulgam ulgamynda birnäçe işler alnyp barylýar. Žurnalymyzyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtyny metbugatdaky sanly ulgama geçişe mysal görkezip bolar. Şeýle hem žurnalymyz tarapyndan döredilen www.makulsozluk.com saýty Sözlük ulgamynyň sanly ulgamdaky oňyn mysallarynyň biridir. “Makul Krosswordly” sözlük, “Makul Puzzle” we “Atavatan Krossword” taslamalarymyz hem sanly ulgamdaky gyzykly güýmenjeleriň biridir. Häzirki wagtda bu ulgamda ýene käbir taslamalaryň üstünde işleýäris.

Emeli aň, sanly ulgam, bulut ulgamy, startup, onlaýn hyzmat, onlaýn söwda, unicorn, angel investor (perişde maýadar) fintech we influncer ýaly düşünjeler soňky döwürde iň köp eşidýän sözlerimiz bolsa hem, bu ulgamda has giňişleýin maglumata eýe bolmak, ýaşlary bu ulgama höweslendirmek, intellektual telekeçileri sanly ulgama çekmek ýaly nukdaýnazardan, döredijilik toparymyz ýakynda “Sanly Ulgam we Startup” ady bilen Iň Gowy Makalalar bäsleşigini yglan etmek isleýär. Bu bäsleşik adaty bäsleşiklerden tapawutlylykda, makalanyň saýtymyzdan “okalan” sanyna ýa-da jemgyýetçilik torlaryndaky “halanan” sanyna görä dälde, bu ulgama degişli eminleriň baha bermeginde ýeňijiler kesgitlener. Bäsleşik barada teklipleriňizi we bellikleriňizi turkmenlawyer@hotmail.com salgysyna ýazyp ugratmagyňyzy haýyş edýäris.

Ýokaryda hem belläp geçişimiz ýaly, bäsleşigiň esasy maksady sanly ulgam baradaky düşünjäni giňeltmek we ýaşlary we telekeçileri sanly ulgama höweslendirmek bolup durýar. Şol sebäpli, biz emeli aň, sanly ulgam, bulut ulgamy, startup, onlaýn hyzmat, onlaýn söwda, unicorn, angel investor (perişde maýadar) fintech we influncer ýaly düşünjeleri giňişleýin düşündirýän makalalara garaşýarys.

Biz döredijilik toparymyz bolup mydama ýaşlar bilen hyzmatdaşlyk saklaýarys we şonda türkmen oglan we gyzlarymyzyň bu ulgamdaky pikirleri we gyzyklanmalary bellärliklidir. Intellektual telekeçilerimiz tarapyndan bu ulgamdaky ýaşlara has köp goldaw berilse, ýakyn geljekde “gazan-gazan” nukdaýnazaryndan “Türkmen unicornlaryň” emele geljekdigini ynamly aýtsa bolar.

Siz saýtymyza goýulan habarlardan dessine habarly bolmak isleýän bolsaňyz, onda biziň Android ulgamynda hereket edýän applikasiýamyzy-Atavatan Türkmenistan Applikasiýasyny telefonyňyza Google Plaý dükanyndan şu ýere basyp ýükläp alyň!

“Makul Puzzle” : Wagtyňyzy peýdaly we gyzykly geçiriň!

Onlaýn oýun oýnamak käbir ýagdaýda wagtyňy biderek sarp etmek, esasan hem ýaşlary özlerini geljege taýýarlan wagtynda ösüş ýagdaýyna zyýan ýetirip biler. Emma käbir onlaýn oýunlar bolsa nerw dartgynlygyň öňüni alyp, adama rahat beriji täsirleri hem bardyr. Biziň pikrimizçe Makul Puzzle ine şeýle oýunlaryň biridir.

“Makul Puzzle” oýnunda bir şekil 25 bölege awtomatiki usulda bölünýär. Oýun oýnaýan bolsa şol bölekleri dogry ýerine goýanda utuş gazanýar. Bu bolsa, bir tarapdan adamyň ünsüni jemlese, beýleki tarapdan, nerw ulgamynyň dynç almagyna täsiri bar. “Makul Puzzle” şeýle hem, berilýän birnäçe surat parçajyklaryny birleşdirmek üçin beýniň has işjeň bolmagyna getirýär. Parçajyklary dogry ýerinde goýmak üçin, şekli bir bütün görnüşde beýinde janlandyrmak gerek, bu bolsa beýne oňyn täsir edýär.

Ýakynda “Atavatan Krosswordy” durmuşa geçiren döredijilik toparymyz, indi bolsa Size “Makul Puzzle” oýnuny hödürleýär. “Makul Puzzle” döredijilik toparymyz tarapyndan çekilen birnäçe suraty özünde jemleýär. Siz şu linke basmak bilen “Makul Puzzle” oýnuny oýnap bilersiňiz! Bu oýnyň aýratynlyklarynyň biri hem, Siz oýna başlan wagtyňyz sagat işläp başlaýar we näçe sekuntda Siziň dogry şekili doldurup bilýändigiňizi hasaplaýar. Oýunda şeýle hem, jemi Puzzle bölejik sany görkezilýär we Siz oýna başlanyňyzda dogry bölegiji ýerleşdirseňiz, olaryň sany aýratynlykda berilýär.

Tanyş boluň – “Atavatan Krossword!”

Ählimize 24 sagat deň berilýär. Esasy zat, şu berlen 24 sagady nädip peýdaly we şol bir wagtda gyzykly ulanmagymyz bilen baglydyr. Bu habaryň özeni, wagty netijeli ulanmagyň peýdasy barada paýhasly sözleri we täsirli pikirleri öňe sürmek däl-de, şol berlen 24 sagadyň içinde özüňize wagt aýryp, günüň dowamyndaky ýüzlerçe minudyň 20 minudyny netijeli ulanmak barada anyk teklip bilen Sizi tanyşdyrmak: Tanyş boluň – “Atavatan Krossword!”, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan Intellektual telekeçilik nukdaýnazaryndan durmuşa geçirilen bu taslamamyz Siziň göwnüňize ýarar diýip umyt edýäris. Siz biziň saýtymyza şu ýerden girip, her gün täzelenýän we ene dilimizdäki 15 soragy özünde jemleýän krosswordymyzy çözüp, wagtyňyzy örän netijeli we gowy geçirip bilersiňiz, mähriban okyjylarymyz.

Dil baýlygyňyzy artdyryň: Makul Krosswordly Sözlük

Türkmen we Iňlis dillerinde jemi 15000-den gowrak baş sözi özünde jemleýän “Makul Sözlük” (sözlügi ulanmak üçin şu ýere basyň) ulanyjylarynyň dil baýlygynyň ösmegine goşant goşmak maksady bilen, täze hyzmaty-krosswordly sözlügi taýýarladyk. “Makul Sözlügiň” ulanyjylary her gün irden täzelenýän we jemi 20 sany Türkmen dilindäki sözlerden ybarat bolan krosswordda şol sözleriň Iňlis dilinde terjimesini dogry we dürs ýazsa, krosswordy çözüp biler. Bu bolsa, her gün 20 sözüň öwrenilmegine ýardam berer. Eger, krosswordy çözýän pursatlaryňyzda, soralýan sözleriň haýsy-da bolsa biriniň Iňlis dilinde terjimesini bilmeseňiz, onda, şol sözüň üstüne basmak ýeterlik bolýar. Çünki “Makul Sözlük” dessine Size tapyp berýär.

Çeşme: Atavatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Pekinde Türkmenistanyň Prezidentiniň we HHR-yň Başlygynyň gepleşikleri boldy.

syrach

Merkezi Saýlaw Toparynyň Mejlisinde Saýlawlaryň Gutarnykly Jemleri Jemlenildi

Putin Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşdy.

syrach