15.9 C
Aşkabat
19.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Daşoguzda myhmanhana gurulýar.

Daşoguzyň günorta-günbatarynda ýurdumyzyň gurluşykçylary tarapyndan üç ýüz elli orunlyk mayhmanhana gurulýar. 

Bu täze gurluşyk dört gektar meýdany eýeleýär. Ýedi gatdan ybarat biljak bu binanyň sokol böleginiň we birinji gatyny gurmak işleri tamamlandy. Bu bina ýene-de bloklaryň üçüsi birikdiriler. Monolit demir-beton gurluşlary ýygnama işleri dowam edýär, transformator uzeliniň, özbaşdak işleýän bug gazanynyň, suw gaplarynyň, inženerçilik-tehniki kommunikasiýalaryň gurluşyklaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gurluşykda beton garyjy uzel, ýük göteriji kranlaryň ikisi we beýleki gerek bolan tehnikalar netijeli işledilýär. 
Täze myhmanhanada ähli amatlyklary bolan nomerler, maslahat zaly, ýapyk suw howdany bolar. Bu bina ak mermere beslener, binanyň sokol bölegi gara granit bilen örtüler. Binanyň ýakyn çäklerinde suw çüwdürimli seýilgäh, ulaglar üçin ýörite ýer ýerleşer. 

Bu myhmanhanany 2015-nji ýylda ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän bu myhmanhana ýurduň demirgazyk sebtinde syýahatçylygy ösdürmäge itergi berer. Daşoguz welaýaty – taryhy we binagärlik ýadigärlikleriniň ajaýyp sebtidir. Bu ýere gelýän ýurduň we daşary ýurt syýahatçylarynyň akymy ýylsaýyn artýar. Täze myhmanhananyň golaýynda”Bagt Köşgi” toý-dabaralar köşgüniň gurluşygy tamamlanyp barýar.

Degişli makalalar

Halkara howa menziliniň täze terminalynyň açylyş dabarasy.

syrach

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy

Daşoguz Welaýatynyň Mekdeplerinde Öwrenilýän Daşary Ýurt Dilleriniň Sany Artýar