15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmen-Ýapon işewürler maslahaty geçirildi.

Paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürler merkezinde türkmen-ýapon işewürler maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemek meseleleri girizildi. 

Maslahata gatnaşyjylaryň düzüminiň giň bolmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýaponiýa ýakyn wagtda boljak resmi saparynyň öňüsyrasynda geçirilen şu işewür duşuşyga taraplaryň uly ähmiýet berýändigine şaýatlyk edýär. Ýeri gelende aýtsak, Ýaponiýanyň Russiýa Federasiýasyndaky we Türkmenistandaky Adadatdan Daşary we Doly Ygtyýarly ilçisi jenap Tikahito Haradanyň ýolbaşçylygyndaky ýapon wekiliýetiniň düzümine Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, ýapon işewürler klubunyň agzalary bolan iri kompaniýalaryň wekilleri, şeýle hem bu ýurduň diplomatlary hem-de esasy habar beriş serişdeleriniň žurnalistleri girdiler. 

Mundan başga-da, myhmanlaryň arasynda nebitgaz ulgamynda, energetika toplumynda, himiýa senagatynda, dokma pudagynda, telekommunikasiýalar ulgamynda, taslamalary işläp düzmekde we gurluşykda, söwdada, bank işinde we maliýe ulgamynda, saglygy goraýyşda we lukmançylykda, şeýle hem ylmy-tehnologiýalar ulgamynda ýöriteleşdirilen meşhur korporasiýalaryň we firmalaryň bölümleriniň hem-de wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bar. 

Olaryň hatarynda “Itochu”, “Marubeni”, “Sojitz”, “Mitsubishi Heavy Industries”, “Hitachi”, “Kawasaki Heavy Industries” ýaly köp ugurly korporasiýalary, şeýle hem “Kanematsu Corporation”, “ROTOBO” ýaly iri söwda assosiasiýalaryny, “Tokyo Boeki”, “Toyo Inzhiniring” kompaniýalar toparyny we beýlekileri görkezmek bolar. Olar ylym we bilimden başlap, enjamlara hem-de maýa goýumlaryna çenli dürli ulgamlarda köp ugurly hyzmatlary we toplumlaýyn çözgütleri hödürleýärler. 

Türkmen tarapyndan forumyň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, daşary ykdysady aragatnaşyklar, söwda, maýa goýum, ýangyç-energetika, bank-maliýe, ýeňil we himiýa senagaty, saglygy goraýyş, mineral serişdeler, ulag, aragatnaşyk we beýleki ulgamlara degişli esasy pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. 

Işewürler maslahatynyň açylyşynda bellenilişi ýaly, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy okgunly ösüşi bilen häsiýetlendirilýär, şunda iki dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryň duşuşyklarynyň barşynda gazanylan ylalaşyklar möhüm hukuk esasy bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylyň dekabrynda Ýaponiýa bolan resmi sapary döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn wagtda Ýaponiýa boljak saparynyň barşynda netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň täze mümkinçilikleri açylar diýlip garaşylýar. 

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz bilen köpden bäri işjeň hyzmatdaşlyk edýän, bütin dünýäde meşhur bolan ýapon kompaniýalarynyň ençemesi üstünlikli işleýär. Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň depginleri, senagat taýdan ösüşiň milli maksatnamalary işewür gatnaşyklary işjeňleşdirmek, köp ulgamlarda, ilkinji nobatda, ylym bilen baglanyşykly we maýa goýum babatda özüne çekiji ulgamlarda Ýaponiýanyň tejribesini has giňden ulanmak üçin oňaýly şertleri döredýär. 

Forumyň barşynda ýaponiýaly işewürlere biziň ýurdumyzyň ykdysady we maýa goýum syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, işjeň ýagdaýy döretmekde döwletimiziň eýeleýän esasy orny barada jikme-jik maglumatlar berildi. Myhmanlar biziň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň möçberli döwrebaplaşdyrmak çäreleri, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler, ýerli çig maly giňden ulanmaga we ýurdumyzyň önüm öndürijileriň eksport kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen senagat taýdan ösüşiň strategiýasy bilen tanyşdyryldy. 

Duşuşygyň çäklerinde türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada içgin pikir alşyldy, möhüm ulgamlarda, hususan-da, ýangyç-energetika, senagat, söwda, telekommunikasiýalar we ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň täze usullary hem-de ýollary bellenildi. 

Ýaponiýa baý tebigy serişdelere hem-de ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de okgunly ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýär. Siziň ýurduňyzda daşary ýurtly maýadarlar üçin döredilen amatly şertler we giň mümkinçilikler Ýaponiýanyň işewürleriniň türkmen hyzmatdaşlary bilen netijeli gatnaşyk etmäge bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrýar diýip, myhmanlar bellediler. 

Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri Türkmenistan bilen giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandyklaryny aýtdylar hem-de biziň ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdiler. 

Işjeň we oňyn ýagdaýda geçen forumyň çäklerinde, şeýle hem biziň ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we önümçilik kärhanalarynyň wekilleriniň hem-de ýapon kompaniýalarynyň menejerleriniň we hünärmenleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Olaryň barşynda özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýuldy, taraplaryň gyzyklanma bildirýän ugurlary anyklaşdyryldy hem-de mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň ugurlaryny işläp taýýarlamaga umumy çemeleşmeler ylalaşyldy.

Degişli makalalar

Adam Hukuklary Boýunça Pudagara Toparyň Mejlisi Geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmen-Moldowa Syýasy Geňeşmeleri Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi