15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Agyr Atletika Boýunça «Olimp» Orta Sport Mekdebiniň Açyk Birinjiligi

Golaýda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça 2002-2004-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda «Olimp» orta sport mekdebiniň açyk birinjiligi tamamlandy.

Aşgabat şäheriniň Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň agyr atletika zalynda guralan bu ýaryşda 4 topardan 30-dan gowrak türgen bäsleşdiler. Gyzgalaňly geçen ýaryşyň netijesinde A.Çaryýew (49 kg.), Y.Meredow (55 kg.), T.Azatbaýew (61 kg.), A.Hasanow (67 kg.), R.Töräýew (73 kg.), R.Rejepow (81 kg.), A.Hojagulyýew (89 kg.) dagylar öz agramlarynda I orna eýe bolup, ýeňişlerini baýram etdiler.

Ýaryşda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere «Olimp» orta sport mekdebiniň Hormat hatlary we Aşgabat şäheriniň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.

Döwranberdi AMANBERDIYEW,

«Olimp» orta sport mekdebiniň instruktor-metodisti

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Maryda Taekwondoçylaryň we Ýaýçylaryň Ýaryşy Geçirilýär

syrach

Taekwondoçylaryň Aziýa Çempionatynda Üstünlikli Badalga Almaklary

syrach

OPEC+ Duşuşygyna Baglylykda Nebitiň Bahalary Ýokarlanýar