18.9 C
Aşkabat
05.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary Işler Ministrlikleriniň Arasyndaky Geňeşmeler

2020-nji ýylyň 11-nji maýynda wideokonferensiýa görnüşinde Türkmenistanyň we Ysraýyl Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, ysraýyl tarapyna – Ysraýylyň DIM-niň baş direktorynyň orunbasary, Ýewro-Aziýa we Balkan ýurtlary Departamentiniň müdiri, Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçi Geri Koren ýolbaşçylyk etdiler.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolup durýandygyny tassykladylar. Syýasy-diplomatik özarahereketleri ösdürmegiň, halkara guramalarynyň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde özarahereket etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmeginde ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti aýratyn bellenilip geçirildi.

Diplomatlar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerine jikme-jik seredip geçdiler. Türkmen we ysraýyl önümleriniň özara eksportyny artdyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hakynda gürrüň etmek bilen taraplar agrar pudagyna, saglygy goraýyşa hem-de innowasiýalar ulgamynda tejribe alyşylmagyna aýratyn üns berdiler.

Şonuň ýaly-da dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynda möhüm ugur bolup durýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Diplomatlar bu ugurdaky özarabähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň wajyplygyny aýratyn belläp geçdiler. DIM

Degişli makalalar

Internet Ulgamyndaky Şahyrana Ýaryşyň Netijeleri Yglan Edildi

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Saýlawlarynda Ses Berdi

turkmenhabargullugy

Bäş Müňe Golaý Mekdep Okuwçylary Ýurdumyzyň Çagalar Sagaldyş Merkezlerinde Gyşky Dynç Alyşlaryny Geçirýärler