01.12.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YLYM

Gün Urmadan Goranalyň

Başymyza ýaglyk atyp,
Gün urmadan goranalyň!
Owadan saýawan tutup,
Gün urmadan goranalyň!

Günortanlar Güne çykman,
Saýada bolmaly hökman.
Garry ýa ýaşlyga bakman,
Gün urmadan goranalyň!

Muny ýadyňyzda belläň,
Gün ursa, agyrar kelläň.
Kyn bolar özüňe gelmäň,
Gün urmadan goranalyň!

Sagdyn bolar ýaly beden,
Saýawany hemdem edin.
Sargytlary berjaý edip,
Gün urmadan goranalyň!

Gülälek MERETMYRADOWA,
Adalat Gazeti

Degişli makalalar

“Hyundai Engineering” – V Aziadanyň Resmi Hemaýatkäri

Futbol Boýunça Türkmenistanyň Çempionatynyň 2-nji Tapgyrynyň Wagty Süýşürilen Duşuşygy Geçiriler

Birža Täzelikleri