23.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmen-Amerikan Syn Beriji Duşuşygy Geçirildi

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriji duşuşygy geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi J.Henik gatnaşdylar.

Synyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň özarahereketleriniň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini, şol sanda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlar, şonuň ýaly-da pandemiýa ýagdaýlarynyň durmuş-ykdysady ulgamyna ýetirýän täsirleriniň ýeňip geçilmegi boýunça bilelikdäki işlerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda iki ýurduň syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň ikitaraplaýyn çarçuwasynda hyzmatdaşlygyň netijeli gurallary ýola goýuldy. Mundan başga-da, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we ABŞ-nyň arasynda döredilen С5+1 köptaraplaýyn özarahereketleriň formatynda hem işjeň gatnaşyklary saklaýarlar.

Ara alyp maslahatlaşmalaryň barşynda diplomatlar Türkmen–Amerikan Işewürlik Geňeşiniň çäklerinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem seredip geçdiler. Koronawirus zerarly ýüze çykan häzirki ýagdaýlar bilen baglylykda, türkmen tarapy amerikan kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistanyň pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda şu ýylyň güýzünde widekonferensiýa arkaly işewürler duşuşygynyň geçirilmegini teklip etdi.

Halkara energetika agentliginiň ýolbaşçysy bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi edarasynda Halkara energetika agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Nebitgaz meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Halkara energetika agentligi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika sektorlarynda bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem halkara bazarlarynyň öwrülişiginde orta möhletleýin we uzak möhletleýin görnüşde çaklamalary taýýarlamak boýunça hem-de energiýa täsirliligini ýokarlandyrmakda we “ýaşyl” energetikada tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça gysga möhletli okuwlary gurnamak arkaly hünärmenleri taýýarlamak boýunça tekliplere seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda energiýanyň alternatiw we gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili bilen onlaýn duşuşygy

2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Fontelles bilen onlaýn görnüşindäki gepleşikleri giçirildi.

Duşuşygyň barşynda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilmeginiň çygrynda Ýewropa Bileleşiginiň we sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýokarda beýan edilen meseleleriň ählisi babatynda Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlary, şonuň ýaly-da türkmen tarapy tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we beýleki köptaraplaýyn formatlarda öňe sürýän birnäçe sebit hem-de halkara başlangyçlary bellenilip geçildi.

Şeýle hem taraplar sebitde parahatçylygyň we howpsuzlygyň saklanylmagynyň meselelerini, hususan-da Owganystanda durnuklylygyň ýola goýulmagy boýunça anyk hereketleri ara alyp maslahatlaşdylar. DIM

 

Degişli makalalar

Agyr Atletika Boýunça Türkmenistanyň Birinjiligi Tamamlandy

Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Müdiriýetiniň Mejlisi

Ylma Daýanmak-Türkmenistany Innowasion Taýdan Ösdürmegiň Ugry