27.9 C
Aşkabat
15.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

“Daýhanbank” Bilen “Köpetdag” Ýaryş Tertibinde Öňdäki Orunlary Eýeleýärler

Şu gün, 13-nji iýunda ýurdumyzyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Bu tapgyrda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Daýhanbank” bilen “Köpetdag” toparlary garşydaşlaryny ýeňlişe sezewar etdiler.

“Daýhanbank” topary “Senagatbankdan” 4:2 hasabynda üstün çykan bolsa, onda “Köpetdagyň” futzalçylary “Gümrükçiniň” derwezesinden jogapsyz toplaryň dördüsini geçirmegi başardylar.

Bu tapgyrdan soň toparlaryň ikisi-de 15 utuk topladylar, ýöne özaralaryndaky duşuşygyň netijesinde “Daýhanbank” ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär.

Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda “Deňizçi” bilen “Migrasiýa” 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar. “Olimpden” 11:6 hasabynda üstün çykan “Serhetçi” bolsa çempionatdaky ilkinji ýeňşini baýram etdi.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport toplumynda dowam edýän Naýbaşy liganyň ýedinji tapgyry 15-nji iýunda geçiriler.

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Ahal Welaýatynyň Baharly Etrabynda Demir Ýol Wokzalynyň Täze Binasy Guruldy

Olimpiýa Şäherçesi Ilkinji Ýaryşlary Kabul Etdi

syrach

Nikolaý Amiýansyň Doglan Gününe Bagyşlap Onuň Okuwçylary we Kärdeşleri Skripka Sazlarynyň Agşamyny Gurnadylar

turkmenhabargullugy