37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Etmek Hakynda

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Etmek Hakynda

Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bir toparyny Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy beýleki dahylly ministrlikler we pudak edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek barada ýüz tutan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň resminamalaryny resmileşdirmek işlerini Türkmenistanyň Prezidentine degişli teklipleri bermek üçin dowam etdirmäge borçly edildi.

Degişli makalalar

Taryhy Medeni Miras Watanymyzyň Milli Baýlygy

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.

syrach

Aşgabatda Palestina Döwletiniň Medeniýet Günleri Geçiriler

turkmenhabargullugy