20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

ÝHHG-niň DIAHB-nyň Bilermenleri Türkmenistanyň DIM-nde Duşuşyk Geçirdiler

ÝHHG-niň DIAHB-nyň Bilermenleri Türkmenistanyň DIM-nde Duşuşyk Geçirdiler

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 2017-nji ýylyň fewral aýynda meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlyk işiniň barşy bilen tanyşmak maksady bilen Aşgabada gelen ÝHHG-niň Demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky býurosynyň (DIAHB) saýlawlar boýunça uly geňeşçisi Lýusine Badalýan we bu býuronyň geňeşçisi Wladimir Misew bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar saýlawlaryň halkara hukugynyň saýlawlary guramak we geçirmek ulgamyndaky umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna laýyklykda geçirilmegi üçin görülýän taýýarlyk işleriniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. ÝHHG-niň DIAHB-nyň saýlawlara gözegçilik etmek we ýurtlaryň kanun çykaryjy edaralaryna ýardam bermek boýunça uly oňyn tejribesiniň bardygy bellenildi.

Saparyň çäklerinde ÝHHG DIAHB-nyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Mejlisinde, Adalat Ministrliginde, Saýlawlary we sala-salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparynda, şeýle hem syýasy partiýalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen duşuşyklary göz öňünde tutulandyr.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Awstriýanyň Diplomatik Akademiýasynda Tegelek Stoly Geçirdi

Mary Halkara Howa Menziliň Taryhy

turkmenhabargullugy

“Ata Watan Eserleri” Bäsleşiginiň Ýeňijileri Sylaglandy