01.12.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Täze Ýyl Mynasybetli Konsertler

Täze Ýyl Mynasybetli Konsertler

Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda daşary ýurt estrada ýyldyzlary: Russiýanyň belli aýdymçylary Filipp Kirkorowyň we aýdymçy zenan Ýolkanyň, meşhur türk ýyldyzy Mustafa Sandalyň we belli özbek aýdymçysy Ozotbek Nazarbekowyň çykyşlary türkmenistanlylar üçin iň ýakymly baýramçylyk sowgatlarynyň biri boldy.

Aýdym-sazly şatlyk-şüweleňe beslenen çykyşlar tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy, konsertlerde ozal meşhur bolan aýdymlar hem, täze aýdymlar hem ýaňlandy. Gyşky oýunlar toplumyna ýygnanan aşgabatlylar olary gyzgyn garşylap, agzybirlik bilen aýdyma goşulyşdylar.

Artistler sahnadan türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik, açykgöwünlilik hem-de mähirli kabul edilendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Daşary ýurt sirk artistleriniň “Müsüriň şazadasy we nubi ýolbarslary” atly täsin sirk maksatnamasy hem baýramçylyk dabaralarynyň üstüni ýetirdi.

Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp guralýan ajaýyp çäreler toplumy umumy baýramçylyk dabaralaryna aýdyň öwüşgin çaýyp, köp garaşdyran Täze ýyly garşylamak bilen baglanyşykly umumy ruhubelentligi has-da ýokary göterýär.

Degişli makalalar

Daşoguz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Medeni Paýtagty Hökmünde Işini Jemledi

İlham Aliýew resmi taýdan dalaşgärlige hödürlendi.

syrach

Ýeşilköý 2001 Kollejinde Nowruz Baýramy Dabarasy Fotosuratlary

turkmenhabargullugy