19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

“Türkmenhaly” Döwlet Birleşigi Döredildi

7-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz medeni mirasymyz bolan ajaýyp halylarymyzyň möhümdigini we gymmatlygyny göz öňünde tutup, ýurdumyzda halyçylygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin, «Türkmenhaly» döwlet birleşigini döretmek kararyna gelendigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurdan baý tejribesini nazara alyp, Döwlet birleşiginiň ýolbaşçysy wezipesine O.Işangulyýewany belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz öz önümlerimizi eksport etmek işini gowulandyrmak maksady bilen, Dokma senagaty ministrligini we «Türkmenhaly» döwlet birleşigini Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjowyň gözegçilik edýän toplumyna bermek kararyna gelendigini habar berdi.

Degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistan Bilen Ýewropa Bileleşiginiň Arasyndaky Gatnaşyklar Boýunça Maslahat Geçirildi

turkmenhabargullugy

Janly Tebigatyň Milli Muzeýinde Üç Sany Ýolbars Çagajygy Dünýä Indi

syrach

Maldarlar Owlak-Guzy Almak Möwsümine Taýýarlyk Görýärler

syrach