13.2 C
Aşkabat
06.03.2026
DURMUŞ

Abadan şäherinde 96 maşgala täze jaýly boldy.

Penşenbe güni Türkmenistanyň mediasy Abadan şäherinde 96 sany maşgalanyň häzirkizaman tipli ýaşaýyş kwartiralary bilen üpjün edilendigini habar berýär. 

Ýöne resmi medianyň maglumatyna görä, bu maşgalalar täze gurlan köp gatly ýaşaýyş jaýlaryndaky bu kwartiralary 30 ýyllyk ipoteka kreditleri arkaly satyn alypdyrlar.

Maglumata görä, Abadan şäherindäki bu täze ýaşaýyş kompleksi türkmenistanly “Baktriýa”, “Bozýab” we “Goňurbaş” gurluşyk kompaniýalary tarapyndan ulanylyşa tabşyrylypdyr.

Geçen ýylyň tomsunda bu şäheriň golaýyndaky ýarag ammary partlanda, şäherdäki jaýlaryň örän köpüsine zyýan ýetipdi. Häkimiýetler şonda zyýan çeken ähli maşgalalara talabalaýyk ýardamlaryň berlendigini habar beripdiler.

Degişli makalalar

«Miras» žurnalynyň täze sany çapdan çykdy

syrach

Gurbanguly Berdimuhamedow: V Aziýa Oýunlary Oňa Gatnaşyjylaryň Düzümi Boýunça-da, Sport Görnüşleriniň Sany Boýunça-da Aýratyn Häsiýete Eýedir

turkmenhabargullugy

„Gubadag“ Folklor Toparynyň Çykyşlary Demirgazyk Welaýatyň Aýdym-Saz Sungatyny we Däplerini Beýan Edýär