15.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Gurbanguly Berdimuhamedow: V Aziýa Oýunlary Oňa Gatnaşyjylaryň Düzümi Boýunça-da, Sport Görnüşleriniň Sany Boýunça-da Aýratyn Häsiýete Eýedir

Gurbanguly Berdimuhamedow: V Aziýa Oýunlary Oňa Gatnaşyjylaryň Düzümi Boýunça-da, Sport Görnüşleriniň Sany Boýunça-da Aýratyn Häsiýete Eýedir

Türkmenistanyň Prezidenti Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş etdi.

“Şu gün biz Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna badalga berýäris. Bu şanly waka bilen mähriban watandaşlarymyzy, gadyrly myhmanlarymyzy, halkara sport jemgyýetçiligini tüýs ýürekden gutlaýaryn” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Mundan 7 ýyla golaý ozal – 2010-njy ýylyň 17-nji dekabrynda El-Kuweýt şäherinde Türkmenistanyň Olimpiýa komiteti bilen Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň arasynda ýurdumyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky ikitaraplaýyn resminama gol çekilendigini ýatlatdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu çözgüt üçin, Türkmenistana bildirilen ynam üçin, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine, onuň prezidenti, gadyrly şeýh Ahmad A1 Fahad Al-Sabaha tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Biz bu çözgüde ýurdumyza goýlan hormatyň, onuň sporty we bedenterbiýäni ösdürmekde bitiren hyzmatlarynyň, halkara sport hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga goşan goşandynyň hem-de dünýä olimpiýa hereketiniň asylly ýörelgelerine wepalylygynyň ykrar edilmeginiň nyşany hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Geçen döwürde Türkmenistanda bu Oýunlary mynasyp geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy diýsek, artdyryp aýtdygymyz bolmaz. Aşgabatda Olimpiýa şäherjigi guruldy. Onuň umumy taslama bahasy 5 milliard amerikan dollaryna golaýdyr. Şäherjigiň 157 gektardan ybarat meýdanynda 40-a golaý desga guruldy. Şol sanda sportuň dürli görnüşleri boýunça milli we halkara derejelerinde ýaryşlary geçirmek üçin 16 sany sport desgasy bina edildi.

Toplum suwda ýüzmek we suwa bökmek üçin ýapyk we açyk howuzlary, şeýle hem iki sany türgenleşik we 10 sany tennis meýdançalaryny öz içine alýar.

Bu ýerde bouling, badminton we stoluň üstündäki tennis üçin meýdançalar, ýapyk welotrek, ylgalýan ýodajyklary bolan köpugurly sport meýdançalary, futbol, ýeňil atletika, fehtowaniýe we boks, sportuň oýun görnüşleri, gimnastika üçin türgenleşik meýdançalary we zallary bar. Şeýle hem, iň täze häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan lukmançylyk dikeldiş merkezi ýerleşýär.

Toplumyň tutuş uzynlygyna welosiped we ylgalýan ýodajyklar geçýär. Bu ýerde türgenlere we tomaşaçylara amatly ýagdaýy üpjün etmek üçin ähli zerur şertler döredildi.

Şolaryň hatarynda ýaşaýyş, medeni we söwda merkezlerini, myhmanhanalary, restoranlary, dükanlary, durmuş hyzmatlary kärhanalaryny we awtoduralgalary, şeýle hem pyýada geçelgeleri we monorels ýoluny görkezmek bolar.

Şu döwürde üpjünçilik desgalaryndan başga-da, ýurdumyzyň V Aziýa oýunlaryny geçirmäge doly derejede taýýarlygyny tassyklan dürli sport çäreleri geçirildi.

Mysal üçin, 2016 – 2017-nji ýyllarda Olimpiýa şäherjiginde Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň talaplaryna laýyklykda sambo, türkmen milli göreşi, guşakly göreş, jiu-jitsu ýaly sportuň görnüşleri boýunça Aziýanyň synag ýaryşlary guraldy. Şeýle hem tennis, ýeňil atletika, basketbol we suwda ýüzmek boýunça halkara synag bäsleşikleri geçirildi.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşynda maglumat üpjünçiligine hem uly üns berildi. Ýurdumyzda birnäçe iri halkara sport media-forumlary, sergiler we maslahatlar geçirildi. Dünýäniň onlarça ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda guralan bu çäreler milli hem-de halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edildi.

2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Aşgabadyň etegindäki, gadymy Parfiýa döwletiniň paýtagty – ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen Nusaý galasynyň ýanynda V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli deňi-taýy bolmadyk atly ýörişe badalga berildi.

Atly ýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagyny hem-de Aziadanyň alawyny ýurdumyzyň çäklerinden göterip geçdiler. Garaşsyz döwletimiziň iň bir uzakdaky künjeklerinde boldular. Munuň özi bu sport baýramyna iş ýüzünde bütin halkymyzyň gatnaşmagyny alamatlandyrdy.

V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň barşynda halkara sport bileleşigi bilen hyzmatdaşlyk etmegiň oňat tejribesi, bilimleriň netijeli gory toplandy. Biz bu tejribäni geljekki ýaryşlaryň guramaçylary bilen paýlaşmaga taýýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taýýarlyk döwründe bize bahasyna ýetip bolmajak goldaw we ýardam beren ähli daşary ýurtly dostlarymyza hem-de hyzmatdaşlarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

2017-nji ýylyň V Aziýa oýunlary gatnaşyjylaryň düzümi boýunça hem, sport ugurlarynyň sany boýunça hem köp babatda özboluşly, aýratyn häsiýete eýedir. Şoňa görä-de, bu Oýunlar bilen baglanyşykly «ilkinji gezek» sözüniň ýygy- ýygydan ulanylmagy geň ýagdaý däldir.

Hormatly Prezidentimiz bu Oýunlara ilkinji gezek Merkezi Aziýa wekilçilik edýän döwletde geçirilýändigini belläp, şu ýagdaýyň biziň sebitimizde sporty ösdürmäge güýçli itergi berjekdigine, onuň halkara sport işlerine mundan beýläk-de has ýakyndan we işjeň çekilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Bu ýaryşlaryň taryhynda Aziýa kontinentiniň wekiliýetlerinden başga-da, oňa ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletiniň türgenleri hem gatnaşýar. Jemi 65 topar sportuň 21 görnüşi boýunça bäsleşer.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, V Aziýa oýunlaryna Bosgunlaryň sport toparynyň hem ilkinji gezek gatnaşmagy bizi aýratyn buýsandyrýar.

Olimpiýa hereketiniň belent ynsanperwer ýörelgelerini goldanyp, Türkmenistan parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak işine Bosgunlaryň Olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek baradaky bilelikdäki Jarnamanyň taslamasyny hödürledi. Bu taslama Adam hukuklary boýunça Geňeşiň Ženewada geçiriljek 36-njy mejlisiniň garamagyna berler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Biz sporta, halkara ýaryşlaryna gatnaşmaga bolan hukugyň hemmelerde, şol sanda emele gelen ýagdaýlar sebäpli, öz milli baýdaklary astynda çykyş edip bilmeýän türgenlerde hem bolmalydygyna ynanýarys diýip, milli Liderimiz belledi.

Häzirki döwürde halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi diýip, milli Liderimiz nygtady. Bu işleriň çäklerinde ýurdumyz Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara býurosy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, sportuň görnüşleri boýunça halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy saklaýar we barha giňeldýär.

Türkmenistan sportuň arassalygyny gorap saklamak maksady bilen, Bütindünýä dopinge garşy göreş agentligi bilen yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär.

Myhmanlar şu ýerde bolýarka, Aşgabadyň nähili özgerendigine, ýurdumyzda ajaýyp sport desgalarynyň gurlandygyna, özi hem, diňe bir paýtagtymyzda däl-de, eýsem ähli welaýatlarymyzda gurlandygyna doly göz ýetirerler. Bu, elbetde, tötänden däldir. Sporty we bedenterbiýäni ösdürmek biziň döwlet syýasatymyzyň örän möhüm ugurlarynyň biri hökmünde öňe çykýar.

Biziň ýurdumyz tutuş halkara bileleşigi bilen bilelikde Bütindünýä saglyk gününi giňden belläp geçýär. Bu baýram milli senenamamyzyň şanly seneleriniň sanawyna girizildi.

Häzirki döwürde Türkmenistan doly hukuk bilen päk ahlaklylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy diýlip atlandyrylýar. Şoňa görä-de, biz sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmagyň ýurdumyzyň ýüz müňlerçe raýatlarynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülendigini uly buýsanç bilen aýdýarys.

Häzirki zaman dünýäsinde sport halkara hyzmatdaşlygynyň örän möhüm bölegi bolmalydyr. Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýyny emele getirmäge saldamly goşant goşmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Türgenler parahatçylygyň ilçileridir. Olar öz ussatlygy we başarnygy bilen ak ýürekli bäsleşikde Olimipiýa hereketiniň belent ýörelgelerini dabaralandyrýarlar. Ýaşlarda işjeň, döredijilikli durmuş garaýyşlaryny, beýleki halklara dostlugy we hormat goýmagy kemala getirmekde görelde bolýarlar.

Elbetde, V Aziýa oýunlary ýaly ýaryşlar türgenler üçin hem, millionlarça adamlar üçin hem uly baýramdyr. Şoňa görä-de, Ýer ýüzüniň onlarça döwletleriniň adamlary bu ýaryşlara uly gyzyklanma bilen tomaşa ederler.

Garaşsyz ýurdumyzda onlarça döwletleriň we halklaryň wekillerini kabul etmek biziň üçin uly hormatdyr. Biz bu Oýunlary geçirmek hukugynyň Türkmenistana berilmegini ýurdumyzyň parahatçylyk söýüji, bitarap, netijeli we hakyky hoşniýetli goňşuçylyk daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrýandygynyň netijesi diýip doly esas bilen aýdyp bileris.

Hakykatdan-da, Türkmenistan üçin parahatçylyk, dostluk, hyzmatdaşlyk, ähli halklary, olaryň medeniýetlerini we däp-dessurlaryny hormatlamak milli aň- düşünjeliligiň aýrylmaz bir bölegine öwrüldi. Biz bu düşünjeleri alyp barýan halkara işlerimiziň ähli ugurlaryna, şol sanda sport ulgamyna hem giňden ornaşdyrýarys.

Biz 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny örän ýokary derejede geçirmek üçin ähli zerur çäreleri göreris. Bu Oýunlara gatnaşyjylaryň ählisiniň türkmen topragynda halkymyzyň myhmansöýerligini hem-de göwnaçyklygyny duýar ýaly ähli tagallalary ederis.

“Goý, bu ýaryşlar Olimpiýa hereketiniň, halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine wepalylygyň nyşany hökmünde geçsin!

Goý, bu ýaryşlar sport bäsleşiginde ak ýürekliligiň we hormat goýmagyň nusgasyna öwrülsin!

Bu ýaryşlara gatnaşyjylaryň ählisine uly ýeňişleri we üstünlikleri arzuw edýärin.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny açyk diýip yglan edýärin!” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Agzalaryna

Seulda Koreýa Respublikasy Bilen Merkezi Aziýa Ýurtlarynyň Arasynda 10-njy Hyzmatdaşlyk Forumy Geçirildi

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri

turkmenhabargullugy