24.9 C
Aşkabat
27.06.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Ahal Welaýatynyň Baharly Etrabynda Demir Ýol Wokzalynyň Täze Binasy Guruldy

Ahal Welaýatynyň Baharly Etrabynda Demir Ýol Wokzalynyň Täze Binasy Guruldy

Onuň açylyş dabarasyna etrap we welaýat häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Demir ýol ulaglary ministrliginiň dürli bölümleriniň işgärleri, etrap merkeziniň ilaty gatnaşdylar. Dabarada Aşgabat-Türkmenbaşy ýolunyň ugrunda demir ýol infrastrukturasyny kämilleşdirmek jähtinden täze binanyň ähmiýetiniň uludygy bellenildi. Tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmaly sowgatlar gowşuryldy.

Umumy meýdany 344 inedördül metr bolan iki gat binany Demir ýol ulaglary ministrliginiň ýörüteleşdirilen kärhanasy–1-nji Gurluşyk- montaž otlusynyň işgärleri 6 aýda gurdylar. Wokzalyň daş-töweregi abadanlaşdyryldy, ulaglar üçin ýeterlik meýdança bellenildi.

Diňde we hereketi dolandyryş merkezi ýerleşýän nobatçynyň otagynda Hytaýda öndürilen JIAXUN kysymly täze elektron enjamy oturdyldy. Onuň kömegi bilen Aşgabatdaky dispetçer, ýoldaky otlylaryň sürüjileri, Demir ýol ulaglary ministrligi, şeýel hem stansiýada alysdaky abatlaýjylar bilen gepleşip bolýar.

Wokzalyň gündelik işine kyrka golaý adam gatnaşýar. Ol günde 150-200 adama hyzmat eder. Ýolagçy otlylaryndaky boş ýerlere bütewi elektron gözegçilik ulgamy Baharly etrabynyň ilatyna günde Aşgabat-Türkmenbaşy aralygyna gatnaýan otlylara petek almaga mümkinçilik berer.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentligine Dalaşgär, Türkmenhimiýa Döwlet Konserniniň Garabogazsulfat Önümçilik Birleşiginiň Baş Direktory Süleýmannepes Oraznepesowiç Nurnepesowyň MAKSATNAMASY

turkmenhabargullugy

“Türkmentelekom” Aşgabat Aziýadasynyň Aragatnaşyk Ulgamlarynyň Üznüksiz Işlemegini Üpjün Eder

Gruziýada Türkmenistan Barada Žurnalyň Ýörite Neşiri Çapdan Çykdy