29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4′ Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4' Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Paýtagtymyzyň günorta-gündogarynda çalt depginlerde kemala gelýän ýaşaýyş jaý toplumynda otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan dokuz gat jaýlaryň altysy ulanmaga berildi.“Parahat-7“ etrapçasy döwlet baştutanynyň ýolbaşçylygynda işlenilip taýarlanylan Aşgabady ösdürmegiň we ony dünýäniň iň owadan hem-de ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň birine öwürmäge niýetlenen konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň mysaly boldy.

Paýtagtymyzyň iri ýaşaýyş jaý toplumy bolan „Parahat“ etrapçasyna soňky on ýylda „Parahat-5“ we „Parahat-6“ toplumlary goşuldy, häzirki wagtda bolsa „Parahat-7“ toplumynyň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar, oňa „Parahat-7/1“, „Parahat-7/3“, „Parahat7/3“, „Parahat-7/4“ hem goşular.

Toplumlaýyn taslamanyň iş tabşyryjysy Aşgabat şäher häkimligidir. „Parahat -7/4“ etrapçasynda 54 we 36 öýli dokuz gatly jaýlaryň 60-sy, hersi 160 orunlyk çagalar baglarynyň bäşisi, hersi 600 okuwça niýetlenen umumy bilim berýän mekdepleriň üçüsi, Saglyk öýi we dynç alyş desgalary bina ediler.

Jaýlaryň gurluşygy ýerli telekeçilere tabşyryldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy gurluşyk firmalarynyň 20-den gowragy etrapçada ýaşaýyş jaýlarynyň 44-sini, mekdep we çagalar baglarynyň üçüsini gurdylar.

Täze belent jaýlar diňe bir tehnologik täzeçilligi bilen däl, eýsem daş keşbiniň binagärlik aýratynlygy, otaglarynyň giňişligi we belentligi bilen tapawutlanýar. Şol bir wagtyň özünde degişli düzümler bina edilýär, jaýlaryň töweregi abadanlaşdyrylýar, ol ýerde gezenç zolaklary, oýun we sport meýdançalary göz öňünde tutulan

Dabara hormatly aksakallar, şäher we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Meşhur aýdymçylar we paýtagtymyzyň tans toparlay çykyş etdiler.

Degişli makalalar

Magtymguly Adyndaky TDU-nyň Talyplary Ýokary Okuw Mekdepleriniň Talyplarynyň Arasynda Geçirilen Olimpiýadanyň Ýeňijileri

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Paýtagtymyzda we Ahal Welaýatynda Alnyp Barylýan Işleriň Barşy Bilen Tanyşdy

DIM-de «Ýaşyl Merkezi Aziýa» Maslahatynyň we Daşky Gurşaw we Howanyň Üýtgemegi Boýunça ÝB-MA Iş Toparynyň Mejlisiniň Jemleri Boýunça Seminar Geçirildi