26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
SPORT

Ýurdumyzyň futbol çempionaty badalga aldy

Aşgabatda, Balkanabatda, Maryda we Türkmenabatda geçirilýän oýunlar bilen ýokary liganyň toparlarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň 19-njy çempionaty badalga aldy. Milli birinjiligiň medallary ugrunda toparlaryň onusy bäsleşýär, olar geçen ýylyň oýunlaryndan tapawutlylykda, biri-birleri bilen iki aýlawda däl-de, eýsem dört aýlawda duşuşarlar.

Şolaryň üçüsi – “Altyn asyr”, HTTU (Halkara türkmen-türk uniwersiteti) we Aşgabat toparlary paýtagtymyza wekilçilik edýärler. Balkanabatdan “Nebitçi” bilen “Balkan” we Türkmenbaşydan “Şagadam” – Balkan welaýatyna wekilçilik edýärler. Her welaýatdan bir topar — “Merw”, “Daşoguz”, “Lebap” we “Ahal” bolsa galan welaýatlara wekilçilik edýärler.

Birinji tapgyryň oýunlarynda geçirilen pökgüleriň sany ujypsyz boldy: oýunlaryň bäşisinde bary-ýogy dört pökgi geçirildi, şonuň hem biri –jerime urgusyndan geçirilen pökgi boldy.

2011-nji ýylyň çempionatynyň ilkinji pökgüsi oýnuň 44-nji minutynda Aşgabatda geçirildi, bu ýerde ozalky çempion we Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi “Altyn asyr” “Daşoguz” toparyny kabul etdi. Ilkinji pökgini meýdança eýeleriniň 27 ýaşly hüjümçisi G.Çonkaýew geçirdi. Arakesmeden soň, A.Gurbaniniň tälimini alanlar hasaby artdyryp bilýärdiler. Ýöne iki gezekki hüjüm üstünlige getirmedi. Netijede, “Altyn asyr” 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Balkanabatda geçirilen oýun örän erjel ýagdaýda geçdi. Şol ýerde häzirki çempion “Nebitçi” bilen ýokary liganyň hataryna täze goşulan çempionatyň öň ýanynda özüniň “Gara altyn” adyny üýtgedip, “Balkan” adyna eýe bolan topar duşuşdy. Oýnuň bir sagada golaý wagtynyň dowamynda bäsdeşler biri-birleriniň derwezesine pökgi geçirmegiň ýollaryny gözlediler. Oýnuň 75-nji minutynda “Balkan” özüniň oýunçylarynyň biriniň iki gezek duýduryş alyp, oýundan çykarylandygy sebäpli azlyk bolup galdy. Aradan üç minut geçenden soň, W.Alikperow öz toparynyň san taýdan artykmaçlygyndan peýdalanyp, jerime urgusyndan pökgini geçirdi we 1:0 hasabynda “Nebitçä” ýeňiş getirdi.

Geçen ýylyň bäsleşlikleriniň bürünç medalynyň eýesi “lebap” topary hem oýny ýeňişli başlady — 1:0 hasabynda “Ahaldan” üstün çykdy. Ýeňişli pökgini oýnuň 60-njy minutynda R.Saparow geçirdi.

Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň futbolçylary bilen “Aşgabat” futbol toparynyň arasyndaky oýunda duşuşygyň ahyrky minutlarynda HTTU-nyň goragçysy M.Belyh öz toparyna ýeňiş getirdi.

Maryda “Merw” bilen Türkmenbaşynyň “Şagadamynyň” arasynda geçirilen oýunda bolsa hasap açylmady, ýagny duşuşyk deňme-deňlige tamamlandy.

Güýz möwsüminde tamamlanjak çempionatyň jemleri boýunça ýurdumyzyň iň gowy futbol topary 2012-nji ýylda özüniň ähmiýeti boýunça Aziýanyň klublar bäsleşiginde üçünji orny eýeleýän AFK-nyň prezidentiniň Kubogy ugrunda bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

“Altyn Asyryň” Ýaşlar Düzümi Birinji Orny Eýelemegini Dowam Edýär

Talyplar Futzal Meýdançasynda

Türkmenistanyň Halkara Sport Media Forumy Guruldy

syrach