23.4 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Leýli Bilen Tanyş Boluň!

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Leýli Bilen Tanyş Boluň!

Leýli Agyşowa meýletinçi bolmak üçin iki ýyl tälimçilik okuwyny geçenden soň, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar, sebäbi ol ähli öwrenen zatlaryny ulanyp, ata Watany üçin uly ähmiýete eýe bolan çäräniň geçirilişine öz goşandyny goşar.

22 ýaşly aşgabatly meýletinçi Türkmenistanda geçirilýän iň uly köpugurly sport ýaryşynyň guramaçylygynyň bir bölegi bolan Ilkinji ýyldyzlaryň biri bolmagyň örän gyzyklydygy barada aýdanda: “Meniň üçin iň gyzykly zat täze adamlara duşmak we olar bilen işleşmekdir. Diňe ildeşlerimiz däl-de, tutuş dünýäniň dürli künjeklerinden gelýän adamlar bilen tanyşmak has-da gyzykly. Men meýletinçilik wezipämi ýerine ýetirenimde öz ýurduma wajyp işi amala aşyrmaga kömek edýändigimi duýýaryn. Meýletinçisiz Oýunlaryň geçirilişini göz öňüne getirip bolmaz. Bu bolsa meniň meýletinçilige bolan höwesimiň esasy sebäbidir”diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.

3×3 basketbol boýunça ýaryşyň geçiriljek desgasynyň garyşyk zolagyndaky meýletinçiler toparynyň ýolbaşçysy wezipesine bellenen Leýli öz tejribesiniň 2015-nji ýylda başlandygy we meýletinçiligiň özüne bolan ynamyny artdyrandygy barada şeýle belledi: “Umuman aýdanda, men alçak gyz däl, emma meýletinçi bolanymdan bäri, men has göwnaçyk bolup we çekinjeňligimi ýeňip geçmegi başardym. Men özümi öňkülerden ynamly duýup başladym, bu ýagdaý meniň maşgalamy-da begendirýär”.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň IV ýyl talyby Leýli garyşyk zolakda işlemäge sabyrsyzlyk bilen garaşýar, sebäbi ol ýerde ýaş meýletinçä türgenler bilen aragatnaşygy ýola goýmak mümkinçiligi berilýär.

Ol: “Tomaşaçylar, beýleki meýletinçiler we işgärler ýeňijileri şeýle ýakyndyn görüp bilmezler, maňa bolsa şeýle mümkinçilik miýesser edýär. Men hat-da olar bilen söhbetdeş bolup bilerin. Käbir türgenler bilen žurnalistler söhbetdeşlik geçirende begenjinden aglaýarlar. Şolar ýaly ýagdaýda olaryň duýgularyny görmek örän gyzykly. Men olara “Aglama, hemmesi gowy. Sen ýeňiji!” diýip, köşeşdirip biljekdigime özümi bagtly duýýaryn”diýip, buýsanç bilen gürrüň berýär.

Şeýle hem, Ilkinji ýyldyzymyz Leýli üçin meýletinçilik tejribesi özüniň öňünde goýan indiki maksadyna tarap ýene bir ädimdigini, “Meniň arzuwym dünýäniň dürli künjeklerine syýahat etmekdir” diýen sözler bilen beýan etdi.

Çeşme: ashgabat2017.com

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Täze Saýlanan Prezidentiniň Resmi Taýdan Işe Girişmek Dabarasy Mynasybetli Dabaraly Harby Ýörüş Kabul Etdi

Türkmenistan Fotosuratlary 24

Turkmenistan Fotosuratlary 11