16.04.2026
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

GDA-nyň Sport Festiwalynda Samboçylar Üç Medala Mynasyp Boldular

GDA-nyň Sport Festiwalynda Samboçylar Üç Medala Mynasyp Boldular

Ulýanowsk şäherinde (Russiýa Federasiýasy) sportuň milli görnüşleriniň we GDA ýurtlarynyň oýunlarynyň festiwalynda çykyş eden samboçylarymyz Watanymyza bir kümüş hem-de iki bürünç medal bilen gaýdyp geldiler.

Niýazmyrat Şahmyradow 68 kilogram agram derejede çykyş edip, kümüş medala eýe bolmagy başardy. Ol Aşgabat şäheriniň sport mekdepleriniň birinde tälim alýar.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň hatarynda gulluk borjuny ýerine ýetirýän Kemal Amanow (62 kg), şeýle hem Lebap welaýatynyň Dostluk şäherçesiniň ýaşaýjysy Nuraly Ýalkabow (100 kg) bürünç medallara eýe boldular.

Ýurdumyzyň milli toparynyň ýakyn geljekki ätiýaçlyk düzümine girýän türkmen türgenleriniň sambo boýunça görkezen (sportuň bu görnüşi hem Aziýadanyň maksatnamasyna girýär) bu netijelerini oňat görkeziji hasap etmek bolar. Ulýanowskide geçirilen GDA ýurtlarynyň festiwalyna jemi 350 türgen gatnaşyp, olaryň düzüminiň hil derejesi örän ýokary boldy — olaryň arasynda dünýä we yklym çempionatlarynyň ýeňijileri hem az däl. Bu ýaryşlaryň sambonyň sport we söweşjeň görnüşleriniň hem watany bolan Russiýanyň çäginde geçýändigini bellemek gerek.

Degişli makalalar

Aşgabatly Maşgalalaryň 230-dan Gowragy „Parahat-7/4′ Jaşaýyş Jaý Toplumynda Täze Öýlere Göçüp Bardylar

Türgenler Olimpiada -2016-a taýýarlanýarlar.

syrach

2016-njy Ýylda Türkmenistanda Lebap Welaýatynyň Farap Etraby Iň Gowy Diýlip Ykrar Edildi