18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Rahat Bilen Tanyş Boluň!

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Rahat Bilen Tanyş Boluň!

Rahat Pirgulyýew 17-nji sentýabrda başlajak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýurdumyza daşary ýurtdan geljek myhmanlary garşy almaga sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Iki ýyldan bäri meýletinçilik bilen meşgullanýan Rahat bu işden diýseň lezzet alýar.

“Ilkibaşda men özüme näme garaşýanlygyndan bihabardym. Soňra Oýunlarda täze tejribäni gazanjakdygymy, daşary ýurtlardan gelen myhmanlar bilen aragatnaşygy ýola goýjakdygyma düşündim. Häzir bolsa meýletinçilik meniň gündelik gün tertibime goşuldy” diýip gürrüň berýär.

27-nji awgustda 21 ýaşyny doldurjak, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kompýuter tehnologiýa fakultetiniň V ýyl talyby Rahat Aşgabat 2017 onuň zähmet ýoly üçin gowy terjibe bolar diýip umyt edýär.

“Halkara kompaniýasy hem-de daşary ýurtly hünärmenler bilen işleşmegim hünärimi kämilleşdirmek üçin gowy mümkinçilik bolar” diýip Rahat biz bilen pikirlerini paýlaşýar. Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň, ol web dizaýner bolup işlemegi arzuw edýär.

“Inspiring Ashgabat” synag ýaryşlarynyň dowamynda, Rahat işgärler bölüminde meýletinçilik wezipelerini ýerine ýetiren Ilkinji ýyldyzlaryň biri boldy. Aşgabat 2017-de ol desgada hereket edýän tehnologiýa toparynyň agzasy bolar. Ol öz işi üçin örän jogapkärçilik duýýandygyny aýdýar.

“Taryhy wakanyň bir bölegi bolmak üçin hereket etmek tolgundyryjy we örän jogapkärli. Oýunlarda biz uly ähmiýete eýe bolan işleri ýerine ýetirmelidiris. Käte beýle uly işleri nähili üstünlikli amal etmelidigi hakynda pikir edýärkäm, tälimçilik okuwlarynda öwrenenlerimizi ýatlaýaryn. Okuwlarda berilýän bilimler meniň iş tejribämde ähmiýetli boljakdygyna ynanýaryn. Meniň üçin bu örän gyzykly” diýip ýaş meýletinçimiz belleýär.

Rahat Mary welaýatynyň Ýolöten şäherinde doglan. Emma talyplyk döwrüniň paýtagtda başlandygyny, Aşgabadyň ajaýyplygyna we dostluk şäheridigine buýsanýandygyny hem aýtdy: “Okuwymy tamamlanymdan Aşgabat şäherinde galasym gelýär, sebäbi Aşgabat uly şäher we men bu ýerde öz hünärim boýunça gyzykly iş taparyn diýip umyt edýärin ”.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi