24.9 C
Aşkabat
16.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

«Ak-hünji» HK Täze Telekeçilik Taslamalaryny Durmuşa Geçirýär

«Ak-hünji» hususy kärhanasy ýerli çig maldan – polipropilenden listleýin plastik önümçiligini özleşdirdi. Täze enjamda ekstruziw usul ulanylyp, täze materialyň synag tapgyry çykaryldy. Çig mal hökmüde Balkan welaýatynda ýerleşýän polimer öndürýän gazhimiýasy toplumynyň önümi ulanylýar.

Kärhananayň baş direktory Begmämmet Çaryýewiň aýtmagyna görä, täze önüm köp ýerde ulanylyp bilner. Ol suwa düşülýän howdanlaryň gurluşygynda bezeg serişdesi hökmünde, ýelejirediş ulgamlarynda, laboratoriýa enjamlaryny we azyk önümleri salynýan gaplary taýýarlamakda ulanylýar. Ol himiki serişdelere durnuklydyr, ony kislotalary saklamak we daşamak üçin hem peýdalanyp bolýar.

«Ak-hünji» hususy kärhanasy ýurdumyzda bezeg materiallaryny iri öndüriji hökmünde bellidir. 2009-njy ýylda döredilen HK bezeglik profilleri we sendwiç-panelleri öndürmäge ýöriteleşendir. Bu ýerde binagärlik elementleriň 200-den gowrak görnüşi öndürilýär.

Şu ýylyň aprel aýynda Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş banky kompaniýa ABŞ-nyň 1,8 million dollary möçberinde karz berdi. Telekeçilik taslamasynda täze sehiň gurluşygy we ekstrudirlenen polistroldan önüm çykarmak üçin Italyýada öndürilen awtomatlaşdyrylan enjam almak göz öňünde tutulýar. Iň täze tehnologiýlar ýylda 1200 müň met täze nusgaly bezeglik serişdeleri öndürmäge mümkinçilik berer. HK önümiň goňşy ýurtlara eksportyny ýola goýmagy göz öňünde tutýar.

Wladimir KOMAROW
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen Medeniýeti we Syýahatçylyk

Türkmenistanda Aýallaryň Saglygy we Maşgaladaky Ýagdaýy Boýunça Synyň Geçirilmegi

Türkmenistan Bilen Kataryň Arasyndaky Syýasy Geňeşmeleriň Nobatdaky Tapgyry Geçirildi