29.3 C
Aşkabat
20.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Aleksandr Lukaşenko Türkmenistana bardy

Belarus Respublikasynyñ Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Türkmenistana bardy.

Lukaşenkonyñ saparynyñ çäginde iki ýurduñ arasynda söwda mukdary 80 million dollar bolan täze hyzmatdaşlyk şertnamasy baglaşyldy.

Türkmenistanyñ Döwlet baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow myhman kärdeşini resmi dabara bilen garşy aldy.

İki kärdeş soñ bolsa özara gepleşik geçirdi.

Özara gepleşikde ykdysadiýet, bilim we ekerançylyk pudagy bilen birlikde birnäçe hepde mundan öñ Minsk şäheriniñ metrosynda guralan terrorçylykly hüjüm barada pikir alyşyldy.

Türkmen lideri Berdimuhamedow Lukaşenka terrorçylyga garşy göreşde alyp barýan tagallalaryna goldaw berýändiklerini ýatlatdy.

Lukaşenko bolsa ýurdunda 5 müñe golaý türkmen talybyñ okaýandygyny we bilim pudagynda edilýän bu hyzmatdaşlygy beýleki ugurlarda hem dowam etdirmek isleýändiklerini belledi. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Hormatly Ýolagçylar!

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidenti Bilen Duşuşdy

syrach