18.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýurdumyzda täze binalaryň açylyş dabaralary.

Türkmen paýtagtynda 350 okuwçy orunlyk ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebi açyldy. Bu okuw- sport merkezi Aşgabadyň günorta böleginde – Olimpiýa şäherjiginiň golaýynda ýerleşýär. 

Üç gatly mekdebiň binasy iň häzirki zaman multimediýa enjamlary we interaktiw tagtalary bolan okuw otaglaryny, diňe bir milli derejedäki däl-de, eýsem, Aziýa we dünýä çempionatlaryny geçirmäge niýetlenen iki sany uly zaly, ýurdumyzda sportuň aň-paýhas görnüşleriniň taryhy we türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän muzeýi, dynç alyş otaglaryny, kitaphanany, okuw-türgenleşiklerini geçirmek üçin otaglary, türgenleşik geçirilýän zaly we grossmeýstor derejeleri bolan küştçüleriň arasynda bäsleşikleri geçirmek üçin ýörite zaly öz içine alýar. 



Ýurdumyzda şunuň ýaly sport mekdebiniň açylmagy ýokary derejeli hünärmenleriň pikiri boýunça zerur bolup durýardy. Sebäbi türkmen türgenleriniň ussatlyk derejesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýokary belentliklere ýetdi, muňa iri halkara ýaryşlarynda mynasyp bolunan medallaryň ýüzlerçesi hem şaýatlyk edýär, Bütindünýä küşt olimpiadasy we Aň-paýhas oýunlarynyň bütindünýä olimpiadasy hem şol ýaryşlaryň hataryna girýär. 

Şu günki waka ýurdumyzda sportuň aň-paýhas görnüşlerini ösdürmegiň täze tapgyry hökmünde türkmen sportunyň taryhyna girer. Ýöriteleşdirilen häzirki zaman küşt we şaşka mekdebiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, bilim we medeniýet ministrlikleriniň, Aşgabat şäher häkimliginiň wekilleri, hormatly ýaşulular, belli türgenler we tälimçiler, talyp ýaşlar gatnaşdylar. 



Binanyň merkezi girelgesiniň öňündäki meýdançada aýdym-saz we tans toparlarynyň, ýaşajyk sazandalaryň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazlar ýaňlandy. Ýygnananlar öz çykyşlarynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen jemgyýetiniň sazlaşykly ösmegine hemişe hemmetaraplaýyn üns berýändigi, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda düýpli özgertmeleriň geçirilýändigi, halkymyzyň bilim derejesiniň we ruhy baýlygynyň artdyrylmagyna berýän ägirt uly ünsi üçin çuňňur hoşallyklaryny bildirdiler. 

Soňra mekdebiň gurluşygynda has tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Hormatly ýaşulular dabaraly ýagdýada toý bagyny kesýärler. 



Okuw-sport merkeziniň eýwanynda myhmanlary ýaşajyk artistler garşylaýarlar we öz çykyşlaryny görkezýärler. Olaryň ýörite gurnalan 64 oýjükli meýdança meňzedilen gurnama sahnada eden çykyşlarynyň barşynda küşt boýunça görkezme oýny guraldy. Bu ýerde oýunçylaryň köpüsi adam boýundan pes bolmadyk küşt mallaryny eýläk-beýläk geçirmeli boldular. 

Soňra dabara gelenler ýaryşlary geçirmek üçin neýetlenilen zala girip, ýaşajyk we belli türkmen küştçüleriniň, şol sanda Türkmenistanyň çempionlarynyň, dürli iri halkara ýaryşlarynyň ýeňijileriniň gatnaşmagynda guralan küşt bäsleşiklerine tomaşa etdiler. 



Olaryň hatarynda dünýäniň onlarça ýurdundan 500-e golaý adamyň gatnaşmagynda Braziliýanyň Juis-de-Fora şäherinde küşt boýunça mekdep okuwçylarynyň dünýä çempionatyndan ýeňiş bilen gaýdyp gelen Bägül Ezizowa hem bar. Biziň ýaşajyk ildeşimiz medallar ugrunda 40-a golaý ýaşajyk küştçüleriň gatnaşan 9 ýaşa çenli toparda çykyş etdi. 



Bäsleşikler şweýsar usuly boýunça 9 tapgyrdan ybarat boldy, onda B.Ezizowa 8,5 utuk toplady we bir gezek hem utulman, diňe bir gezek deňme-deň oýnady. Bu ýeňiş Aşgabatda küşt we şaşka sport mekdebiniň açylyşyna mynasyp sowgat boldy. Şeýle hem Bägül öz “altyn” ýeňşini ýetip gelýän Bitaraplyk gününe bagyşlady. 

Bu ýaşajyk türkmen küştçüsiniň halkara derejesindäki sport ýaryşlarynda her gezekki çykyşy medala beslenýär. Şu ýylyň sentýabr aýynda 88 ýurtdan toparlaryň gatnaşmagynda Günorta Afrika Respublikasynda 8 ýaşa çenli çagalaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda Bägül bürünç medaly eýeledi. Mundan başga-da ol geçen ýyl Gresiýada mekdep okuwçylarynyň dünýä çempioatynda 7 ýaşa çenli toparda çykyş edip, mümkin bolan 6 ýeňişden 6 ýeňiş gazanyp, ýeňiji boldy. 

Bägül Ezizowanyň gazanan üstünlikleri göz öňünde tutulyp, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýadygärlik sowgat gowşuryldy. Şeýle hem, Braziliýada geçirilen dünýä çempionatynda 11 ýaşa çenli ýaş toparynda dünýäniň iň güýçli küştçüleriniň 10-lygyna giren Bägülüň dogany Muhammet Ezizowa döwlet Baştutanynyň adyndan sowgat gowşuryldy.



Hindistanyň Nýu-Deli şäherinde geçen aýda guralan dünýä çempionatynda degişlilikde altyn we kümüş medallara mynasyp bolan Rüstem Nazarow we Meňli Öwezowa hem sowgat aldylar. Dört ýaşlyja Hatyja Ezizowa milli derejedäki ýaryşlara gatnaşýan Türkmenistanyň iň körpe küştçüsi hökmünde ýörite sowgada mynasyp boldy. 

Täze ýöriteleşdirilen mekdep sportuň ýokary aň-paýhas görnüşler ulgamynyň häzirki zaman düzüminiň döwrebaplaşdyrylmagynyň we giňeldilmeginiň ösüp gelýän nesliň bilim derejesini ösdürmekde, işjeň durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde binýatlaýyn esas hökmünde garalýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Özboluşly taslamasynyň we täze binanyň zerur bolan enjamlar bilen göwnejaý enjamlaşdyrylmagy netijesinde bu mekdep sportuň köpçülik tarapyndan uly höwes bilen meşgullanylýan bu görnüşlerini ösdürmek boýunça hakyky merkeze öwrüler. Ýakyn wagtda bolsa häzirki zaman küşt we şaşka mekdebinde ilkinji ýaryşlar geçiriler, bu ýerde tamamlanyp barýan ýylyň soňky günlerinde çagalaryň arasynda küşt we şaşka boýunça milli derejedäki ýaryşlar guralar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Watan Goragçylarynyň Gününiň Hormatyna Sergi Açyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Iş Sapary Bilen Lebap Welaýatyna Ugrady

turkmenhabargullugy