23.4 C
Aşkabat
24.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Altyn Asyr we Balkan Toparlary AFK-nyň Kubogy Ugrunda Bäsleşerler

Altyn Asyr we Balkan Toparlary AFK-nyň Kubogy Ugrunda Bäsleşerler

“Altyn asyr” we “Balkan” toparlarynyň futbolçylary 2017-nji ýylda geçiriljek AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik ederler. Ýurdumyzyň Aragatnaşyk ministrliginiň topary Türkmenistanyň çempiony hem-de Kubogynyň eýesi hökmünde toparlaýyn bäsleşiklere gatnaşar, “Balkan” topary bolsa ýurdumyzyň çempionatynda ikinji orun alan topar hökmünde saýlama ýaryşlarda bäsleşip başlarlar.

Milli birinjiligiň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda, möhletinden öň çempionlyga eýe bolan “Altyn asyr” jemleýji, 36-njy tapgyrda Aşgabatda Daşoguzyň “Turan” toparyndan uly hasap bilen — 10:2 hasabynda üstün çykdy. “Balkan” bolsa Maryda “Energetikden” 1:3 hasabynda utuldy. Emma bu netije ýurdumyzyň günbatar sebitiniň futbolçylaryna kümüş medaly almaga päsgel berip bilmedi.

Marynyň “Energetik” topary ilkinji gezek bürünç medala mynasyp boldy, maryly futbolçylar soňky ýyllarda has netijeli oýnap başladylar. Geçen möwsümde olar 9-njy orny eýelän bolsalar, bu möwsümde eýýäm öňdäki üçlüge girmegi başardylar.

Myhmançylykda oýnap, “Köpetdagy” 3:2 hasabynda utmagy başaran “Ahal” topary dördünji orny eýeledi. Paýtagtymyzda “Aşgabat” topary bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnan “Merw” topary bäşinji orna mynasyp boldy.

Iň köp pökgi geçiren türgenleriň arasyndaky bäsleşiklerde 30 gezek tapawutlanan Süleýman Muhadow öňe saýlandy, ol öz topardaşy Myrat Ýagşyýewden 7 pökgini artyk geçirdi.

Degişli makalalar

«Talyp Gözeli-2020 » Bäsleşiginiň Ýeňijisi Kesgitlenildi

turkmenhabargullugy

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Döwlet Bilen Tanyş Boluň!

Türkmenistanyň birinji raketkasy finala çykdy

syrach