14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
SPORT

Altyn Asyryň Topary Bilen Iordaniýanyň Al-Wihdat Topary Oýnady

 Iordaniýanyň paýtagty Ammanyň Halkara stadionynda AFK-nyň Kubogynyň toparlaýyn saýlama ýaryşynyň oýnunda aşgabatly “Altyn asyr” topary bu ýurduň iň güýçli futbol toparlarynyň biri bolan “Al-Wihdat” bilen deňme-deň oýnady. 

Oýnuň myhmançylykda, janköýerleriň ýerli topary işjeň goldamagynda geçirilendigine garamazdan, ildeşlerimiz duşuşykda örän erjel oýnap we yzly-yzyna hüjüme geçip, ýeňşe örän golaýladylar. 

Duşuşyk Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň toparynyň okgunly hüjümlerinden başlandy we oýnuň ikinji minutynda Amir Gurbani bäsdeşleriň derwezebany bilen ýekeme-ýeke galyp, “Altyn asyry” öňe çykardy, şeýlelikde, hasap 1:0 boldy. 

Pökginiň örän çalt geçirilendigine garamazdan, biziň futbolçularymyz hasaby saklamak üçin bütinleý goranyşa geçmän, hüjümini yzygiderli dowam etdirdiler. Ýöne tejribeli bäsdeşlerimiz hem geçirilen pökgüden çalt aýňalyp, janköýerleriň goldamagynda hüjüme geçdiler. 

Türkmen futbolçulary “Al-Wihdatyň” hüjümçileriniň hüjüminden üstünlikli goranyp, garşydaşlaryň derwezesine tarap ymtyldylar. Ýöne top garşydaşyň derwezesinden sowa geçýärdi. Şeýle oýunlarda ýygy-ýygydan bolşy ýaly, futbol şowlulygy bilen bagly ýagdaý ýüze çykdy: eger sen garşydaşyň derwezesinden pökgini geçirip bilmeseň, onda seniň derwezäňe pökgini salýarlar. “Altyn asyryň” goranyşda goýberen ýalňyşlygy netijesinde ildeşlerimiziň derwezesine pökgi geçirildi. 

Munuň özi oýnuň 29-njy minutynda biziň toparymyzyň goragçysynyň hem-de derwezebanynyň ylalaşyksyz hereketiniň netijesinde bolup geçdi. Braziliýaly oýunçy Fransisko Wagsleý geçirilen pökgini öz hasabyna ýazdy. 

Şowlulykdan ruhlanan iordanlylar üstünligi berkitmek maksady bilen, has-da tijenip, hüjüme geçdiler. Ýöne, “Altyn asyryň” oýunçylary ruhdan düşmediler hem-de garşylyklaýyn hüjümler bilen bäsdeşleriniň hüjümlerini yza serpikdirmegi hem-de oýnuň depginini deňlemegi başardylar. 

Şu pursatdan başlap, duşuşygyň ahyryna çenli toparlaryň ikisi hem deňeçerräk oýnady. Amatly pursatlar biziň futbolçularymyzda hem, iordanlylarda hem az bolmady. Şu gün kimiň ýeňiji boljakdygyny çaklamak kyn boldy. 

Ýöne, duşuşygyň iň soňunda emin düzgüni bozandygy üçin ýer eýeleriniň derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Şeýlelikde, türkmen futbolçulary ýeňiş üçin ajaýyp mümkinçilige eýe boldular. Ýöne, bu gezek Iordaniýanyň toparynyň derwezebany örän dürs oýnap, Ahmet Ataýewiň depen pökgüsini yzyna gaýtarmagy başaryp, öz toparyny ýeňlişden halas etdi. 

Ýarym sagat mundan öň, öz toparynyň ýeňşine uly ynamy bolan “Al-Wihdatyň” janköýerleri indi ýerli futbolçularyň öz meýdançasynda “Altyn asyr” toparyndan utulmandygyna şükür edýärdiler. 

Şeýlelikde, türkmen futbolçularynyň daşary ýurtlarda geçiren duşuşyklaryny üstünlikli diýmek bolar��”myhmançylykda geçirilen oýunlaryň ikisi hem deňme-deň tamamlandy. Sport synçylarynyň belleýşi ýaly, toparda galan duşuşyklarda “Altyn asyryň” has gowy mümkinçilikleri bar. Galyberse-de, biziň oýunçylarymyzyň ýeňşe bolan ynamy örän uly. Ammanda geçirilen oýun Iordaniýanyň toparynyň gowşak taraplaryny ýüze çykardy, biziň futbolçularymyz jogap duşuşygynda bu ýagdaýdan peýdalanmaga çalşarlar. Bu duşuşyk 12-nji aprelde “Altyn asyryň” we “Al-Wihdatyň” arasynda Aşgabatda geçiriler. 

1956-njy ýylda esaslandyrylan “Al-Wihdat” topary Iordaniýanyň on dört gezek çempiony, on gezek Kubogyň eýesi hem-de Iordaniýanyň Superkubogy ugrundaky bäsleşigiň on iki gezek ýeňijisi bolup durýar. Bu topar AFK-nyň Çempionlar ligasynyň hem-de AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara yzygiderli gatnaşýar. Ýaryşlaryň soňkusynda “Al-Wihdatyň” futbolçulary üç gezek (2006, 2007 we 2011��”nji ýyllarda) ýarym finala çykdy. Häzirki wagtda munuň özi bu topar üçin iň ýokary netijedir. 

Aziýanyň klub ýaryşlarynda ähmiýeti boýunça ikinji orunda durýan şu bäsleşikde Iordaniýanyň toparynda daşary ýurtly oýunçylaryň üçüsi — goragçy Lobatu Helder (Braziliýa), hüjümçiler Fransisko Wagsleý (Braziliýa) we El-Hajy Malik Tall (Senegal) çykyş edýär. Ýöne “Al-Wihdatyň” özüniň tejribeli oýunçylary hem bar. Olaryň biri toparyň kapitany, tejribeli ýarym goragçy Amer Deebdir. Ol Iordaniýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 113 oýna gatnaşyp, 19 pökgini derwezeden geçirmegi başardy. 

Özüniň tejribeli bäsdeşinden tapawutlylykda Türkmenistanyň iki gezek çempiony “Altyn asyr” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşda bary-ýogy ikinji ýyl, toparlaýyn ýaryşda bolsa ilkinji gezek çykyş edýär. Ýöne ol eýýäm özüni “A” toparynyň öňdebaryjylarynyň biri hökmünde görkezmegi başardy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň şägirtleri ilkinji oýunda Aşgabatda liwanyň “Al-Ahed” toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykyp, soňra Manamada Bahreýniň iň güýçli toparlarynyň biri bolan “Al-Hidd” bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnadylar hem-de toparda öňdeligi eýelediler. 

Ilkinji tapgyrda öz öýünde “Al-Hidd” toparyndan 2:0 hasabynda üstün çykan, ikinji duşuşykda bolsa myhmançylykda “Al-Ahed” toparyndan 2:3 hasabynda utulan “Al-Wihdat” şu duşuşygyň öňüsyrasynda “Altyn asyr” toparyndan 1 utuk yza galýardy, şoňa görä-de, iki topar üçin hem şu günki oýnuň ähmiýeti örän uludy. 

Şu gün “A” toparynda ýene-de bir duşuşyk geçirildi, onda Liwanyň “Al-Ahed” topary myhmançylykda Bahreýniň “Al-Hidd” toparyndan 5:2 hasabynda üstün çykdy. 

Şeýlelikde, bu toparda birinji aýlawdan soň, 6 utuk bilen “Al-Ahed” öňde barýar. “Altyn asyr” 5 utuk bilen ikinji ýeri eýeleýär. Şondan soňky orunlarda bolsa 4 utuk toplan “Al-Wihdat” hem-de 1 utuga eýe bolan “Al-Hidd” barýar.

Degişli makalalar

Hoş Geldiňiz V Aziýa Oýunlaryna Fotosuratlary

Zenan Futzalçylar Türkmenistanyň Birinjiliginde Bäsleşerler

Ýurdumyzyň Awiamodelçileri Güýçlini Kesgitlediler