15.9 C
Aşkabat
26.04.2024
SPORT

Nowruz Baýramynyň Hormatyna Bäsleşikler

Köpetdagyň eteginden uzalyp gidýän Çandybil şaýoly 21 kilometr aralykda welosiped sporty boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň geçirilýän ýerine öwrüldi. Paýtagtymyzyň ýokary sport ussatlygy mekdebinde bolsa 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda erkin göreş boýunça saýlama ýaryşlary geçirildi. Bäsleşikleriň ikisi hem ýetip gelýän Nowruz baýramyna bagyşlandy. 

Welosiped sporty boýunça ýaryşa Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän tigir sürüjileriň 50-den gowragy gatnaşdy. Türgenleriň arasynda bellenen aralygy 31 minut 09 sekuntda geçen Marydan Akmyrat Hojagulyýew iň ýokary tizligi görkezdi. 

Murgap jülgesinden bolan türgen geçen dynç günleri trek welosiped ýaryşlary boýunça Türkmenistanyň birinjiliginde iki ýeňiş gazandy. Bu ýaryş aýratyn şanly wakadyr, çünki ol Olimpiýa şäherjiginde geçirilen ilkinji ýaryş boldy. Bu ýerde, mälim bolşy ýaly, geljek ýyl Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. Şonuň üçin A. Hojagulyýewiň 4 müň metr aralykda geçirilen şahsy bäsleşikde hem-de “Git” görnüşde (1000 metr) gazanan altyn medallary ýeňiji üçin goşa ýeňiş boldy. 



Şosse welosiped ýaryşlarynda ikinji orny Aşgabadyň 82-nji umumybilim berýän mekdebiniň 17 ýaşly okuwçysy Kakabaý Ataýew, üçünji orny bolsa Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Yhlas Myradow eýeledi. 

Öňümizdäki dynç günleri paýtagtymyzyň şaýoly ýurdumyzyň güýçli türgenleriniň gatnaşmagynda ýene-de welosiped sporty boýunça ýaryşlaryň geçirilýän ýerine öwrüler. Çandybil we Arçabil şaýollarynda Türkmenistanyň welosiped sporty boýunça milli tehniki merkeziniň bäsleşigi geçiriler. Medallar ugrunda iki görnüşde—şahsy (10 km) we toparlaýyn (35 km we 51 km) görnüşlerde bäsleşiler. 

…Erkin göreşiň saýlama ýaryşlary ýaş ussat türgenleriň 100-e golaýyny– 12-14 ýaşly hem-de 2005-nji ýylda doglan we şondan kiçi türgenleriň iki toparyny ýygnady. Paýtagtymyzyň “Olimp” sport mekdebi ýaryşlaryň guramaçysy hökmünde çykyş edip, onuň halypalary ýaş pälwanlaryň hataryna mekdep okuwçylarynyň çekmek bilen olaryň ussatlaryny ýüze çykarýarlar. Ýeri gelende aýtsak, bu sport-okuw edarasy zehinli türkmen türgenleriniň esasy mekdebi bolup, olar, ynha, eýýäm ençeme ýyllaryň dowamynda öz ýokary ussatlygyny diňe milli sport meýdançasynda däl-de, eýsem, dürli halkara ýaryşlarynda hem görkezip gelýärler. 



Erkin göreş boýunça ýaş türgenleriň hatarynda K.Ataýew (agram derejesi 24 kilograma çenli), H.Saparow (26 kg), A.Orazberdiýew (28 kg ), I.Wepaýew (30 kg), A.Hamaýun (32 kg), K.Şartaýew (34 kg) we D.Hudaýberdiýew (38 kg) ýeňiş gazandylar. 

14 ýaşa çenli ýetginjekler toparynda A.Saparow (35 kg ), D.Hallyýew (38 kg), A.Aýmyradow (42 kg), M.Nurmyradow (47 kg), E.Ýowşanow (53 kg), M.Saparow (59 kg ), M.Ýüzbaşyýew (66 kg) we H.Aýdogdyýew (73 kg) altyn medala eýe boldular. 

Ýaryşlaryň baş emini, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Raşid Rustamowyň gürrüň berşi ýaly, şu ýaryş geljegi uly türgenleri ýüze çykarmagyň ilkinji tapgyry boldy. Indi ýeňijiler we baýrak eýeleri ýetginjekleriň arasynda geçiriljek ýurdumyzyň birinjiligine taýýarlyk görer. Bu ýaryş geljek aýda Aşgabatda geçiriler. Ýaryşyň netijeleri boýunça halypalar paýtagtymyzyň “Olimp” sport mekdebiniň okuwçylarynyň täze pälwanlar düzümini kesgitlärler. 



Mundan başga-da, ýetginjekleriň milli ýaryşlary “Aziýanyň çagalary” atly VI halkara sport oýunlaryna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň ýygyndy toparyny düzmäge ýardam eder. Şol oýunlar 5-17-nji iýul aralygynda Ýakutsk (Russiýa Federasiýasynyň Saha Respublikasy) şäherinde geçiriler. Şeýle hem şu ýyl ýaş pälwanlarymyza Aziýa ýaryşlarynyň (Tailand) hem-de dünýä çempionatynyň (Gruziýa) medallary ugrunda göreşmek hormaty garaşýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Kuraş Boýunça Ýygyndy Topary “Aşgabat 2017” Oýunlarynda Altyn Medaly Almagy Maksat Edinýär

Türkmen Kikboksçylary – Umumy Toparlaýyn Çykyşlaryň Ýeňijileri

Täze futbol möwsümi açylýar.

syrach