14.9 C
Aşkabat
19.05.2024
SPORT

Aýrybabada parlaýan baýdak.

Türkmenistanda Döwlet baýdagynyň güni baýram edilen gününde ýurdyň iň belent nokady bolan Aýrybaba belentligine çykmak çäresi geçirildi. „Agama“ klubynyň agzalarynyň birnäçesi üçin bu watanperwerlik çäresini her ýylyň fewral aýynda geçirmek däbe öwrüldi. Bu çäre Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Köýtendag goraghanasynyň işgärleriniň goldaw bermegi bilen geçirilýär.

Alpinist desanty öňünden Aýrybabanyň eteginde ýerleşdi. Lageriň bazasyndan iki müň metrden gowrak belenlikde, dagyň ajaýyp ýerinde, arçanyň selçeňräk tokaýlygynda we asmana uzaýan dag gerişleriniň arasynda ýerleşýän belentlige çykmak üçin görülen dartgynly taýýarlyk birnäçe güne çekdi. Bu ýörişe ýigrimi töweregi alpinist hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Gar bilen örtülen gaýalardan ýorary çykmak köp wagtymyzy aldy. Sebäbi, şu ýyl Köýtendagyň ýapgytlaryna gar hemişekisinden aşa köp düşdi. Ynha-da aýgytlaýjy pursat – deňiz derejesinden 3131 metr belentlikde – Türkmenistanyň iň ýokary nokadynda Garaşsyz ýurdymyzyň baýdagy galdyryldy.

Alpinistler klubynyň ýolbaşçysy Waleriý Kotwiniň nygtaýşy ýaly, bu toparyň düzüminde Köpetdagyň eňňitlerinde öňden tejribe toplap ugran ýaş alpinistler hem bardy. Olar ýurdyň iň beýik dag gerşine ilkinji gezek çykdylar. Şular ýaly belentlige çykmak, ilkinji nobatda, ýaşlaryň watana bolan söýgüsini terbileýär, kynçylyklary ýeňip geçmegi öwredýär, sport ussatlyklaryny artdyrmaga kömek edýär. Mümkin, Aýrybaba belentligine çykmaga gatnaşanlaryň haýsydyr biri, belki-de haçan-da bolsa bir wagt dünýäniň beýleki belentliklerinde Türkmenistanyň baýdagyny galdyrar.

«Agama» kluby şular ýaly syýahatçylygy yzygiderli guraýar. Türkmen alpinistleriniň ýaňy-ýakynda açylan internet-saýtynda olaryň birnäçesi barada giňişleýin gürrüň berilýär.

referans.www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Prezidentimiz “Baku-2015” I Ýewropa Oýunlarynyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

syrach

“Ahalyň” Ýeňlişsiz Ýörişi Dowam Edýär

Sport Tansy Boýunça Türkmenistanyň Çempionaty Geçirildi

syrach