18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Berdimuhamedow Türkiýäniñ metbugat işgärleriniñ

Türkmenistanda geçirlen prezident saýlawynda ikinji gezek Türkmenistanyñ prezidentligine saýlanan Gurbanguly Berdimuhamedow ilkinji daşary ýurt saparyny Türkiýä gurar.

Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýä gurajak resmi saparynyñ öñisyrasynda Türkiýäniñ metbugat işgärleriniñ soraglaryna jogap berdi.

Berdimuhamedow saparynyñ iki ýurduñ arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyny aýtdy.

Berdimuhamedow tebygy gaz taýdan dünýäniñ ikinji uly känine eýe bolan Türkmenistanyñ Ýewropa gaz eksport etmek isleýändigini nygtady.

Berdimuhamedow “Tebygy gazy Ýewropa eksport etmek isleýäris we şol ugurda işleýäris. Hazar deñzinden çykarylýan tebygy gaz munyñ üçin doly mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda hem demirgazykdaky nebyt turbo geçirijilerimiz abatlanýar” diýdi.

Türkiýä gurajak resmi saparynyñ gatnaşyklary has-da pugtalandyrjakdygyna ynanýandygyny aýdan Berdimuhamedow “Türkiýe Respublikasy biziñ üçin strategik şärikdir. Türkiýe Respublikasyna gurajak saparymyzyñ iki halkyñ bagtyýarlygy we gatnaşyklaryñ pugtalandyrylmagy taýdan netijeli boljakdygyna doly ynanýaryn” diýip belledi. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

Sport Tansy Milli Mekdebiniň Wekilleriniň Çykyşy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär Mary Welaýatynyň Häkiminiň Orunbasary Jumanazar Annaýewiň Maksatnamasy