21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Ýaş pälwanlaryň „söweş“ mekdebi.

Başa-baş göreş boýunça Aşgabadyň sport mekdebi şu ýyl özüniň on ýyllygyny belleýär. Geçen ýyllar içinde bu mekdep taekwando (WTF usuly), adaty karate, boks, kekuşinkaý-karate, dzýudo, erkin we grek-rim göreşi boýunça ussat türgenleriň kemala gelýän merkezine öwrüldi. Boks boýunça halkara derejeli sport ussady, olimpiýa oýunlara gatnaşyjy Aliasker Başirow, Baýram Burkazow, Geldimyrat Annaorazow, Waleriý Lalaýew, Gahryman Amandurdyýew, Wladimir Widýasow, Liliýa Rufowa, şeýle hem halkara derejeli eminler Amangeldi Geldiýew (grek-rim göreşi) we Tahyr Hanmämmedow (erkin göreş) ýaly belli tälimçiler ýaş türgenlere ussatlygyň tälimlerini öwredýärler.

Bu mekdepde tälim alýan türgenleriň ýaňy-ýakynda halkara derejesinde gazanan uly üstünlikleriniň mysaly hökmünde 16 ýurtdan toparlaryň gatnaşmagynda geçirilen (WTF) taekwondo boýunça Portugaliýanyň açyk çempionatyny görkezmek bolar. Onda Muhammet Rozyýew ýeňiji boldy, ikinji ýeri bolsa Mekan Gurbanow eýeledi (türgenleriň ikisiniň hem tälimçisi Bäşim Rozyýewdir). Koreý göreş sungatynyň bu görnüşi Bütindünýä tomusky Olimpiadanyň maksatnamasyna girýär. Bu mekdebiň meýilnamasyna girýän boks, dzýudo, erkin we grek-rim göreşi hem sportyň olimpiýa görnüşleridir. Kim bilýär, belkem ýakyn wagtlarda başa-baş göreş boýunça Aşgabadyň şport mekdebiniň häzirki ýa-da öňki tälim alanlaryň biri Türkmenistanyň sport boýunça gazanan ýeňişleriniň üstüne ilkinji Olimpiada medalyny goşar.

Bu mekdepde tälim alýanlaryň paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherjiginde 2017 ýylda ýapyk binalarada geçiriljek söweş sungaty boýunça sport bäsleşiklerine gatnaşmaga dalaşgärlerdir. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Milli bäsleşikden – Aziýa çempionatyna çenli.

syrach

Skaýranning Boýunça Ýurdumyzyň Kubogy Ugrundaky Ýaryşyň Birinji Tapgyry Geçirildi

turkmenhabargullugy

“Hoş Zaman” Kompaniýasy “Aşgabat 2017” Oýunlarynyň Resmi Hyzmatdaşy