23.9 C
Aşkabat
25.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Suwuň sungatdaky waspy.

Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýiniň giň zallarynyň birinde „Suw damjasy – altyn dänesi“ baýramcylygy mynsybetli sergi guraldy. Onda cekilen suratlar, keramika, heýkeller, gobelenler görkezilýär.



Bütewi çeperçilik taglymlar bilen birleşýän suratkeşleriň portret, peýzaž, natýumort eserleri köp manyly bolup, türkmen topragyny bagy bossanlyga öwürýän suwuň gymmatyny, onuň ýaşaýşyň gözbaşydygyny açyp görkezýär. Sergidäki suratlaryň birnäçesi Hazar deňiz suwuna hem-de onuň çäksiz giňişliklerine bagyşlanypdyr.



Sergide gobelen usulynda döredilen eserleriň hem birnäçesi bar. Olaryň biri „Keýik okara“ – çöllükde ösýän bu täsin ösümlik, onuň syrdam baldaklaryny bezeýän tebigy käselere dirilik suwunyň ýygnalyşy hakynda gürrüň berilýär. Şol piýalalardan eýjejik jerenler suw içmäge gelýärler.



Çeper senediň ussatlarynyň heýkeltaraşlyk we keramika eserleri hem suwa bagyşlanyp, olar esasan romantiki, hyýalbentlik häsiýetine eýedir.

Baýramçylyga bagyşlanan sergi aprel aýynyň ortalaryna çenli dowam eder.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Prezidentimiz Hindistanyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

syrach

Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach

Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ýaşulularynyň Dabaraly Maslahatynda Eden ÇYKYŞY

syrach