20.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SPORT

Welosipedçileriň Halkara Birleşiginiň (UCI) Wekilleri Bilen Wideo Aragatnaşyk Arkaly Duşuşyk Geçirildi

2020-nji ýylyň 24-nji aprelinde Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginiň Welotrek sport toplumynda Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) Prezidenti Dawid Lappartient bilen Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri Daýanç Gulgeldiýewiň arasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministri D.Gulgeldiýew, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň baş kätibi A.Myradow, Türkmenistanyň Milli tehniki welosport merkeziniň direktory G.Hojamyradow, Türkmenistanyň Welosport federasiýasynyň başlygy D.Annaýew gatnaşdy.

Welosipedçileriň halkara birleşiginiň (UCI) Prezidenti Dawid Lappartient bilen bilelikde UCI-niň Baş direktory Amina Lanaýa, UCI-niň halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Winsent Jakguent hem wideo aragatnaşyk arkaly guralan duşuşyga gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda 2021-nji ýylda Aşgabat şäherinde welosportuň trek görnüşi boýunça dünýä çempionatynyň geçirilmegi bilen bagly guramaçylyk meseleler, şeýle hem bu dünýä çempionatyna Türkmenistanyň welotrek boýunça milli ýygyndy toparynyň türgenlerini ýokary derejede taýýarlamak boýunça meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Çeşme: www.msy.gov.tm

Degişli makalalar

Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Türkmen Halysyna Bagyşlanan Sergi Guraldy

Aşgabatda Araly Halas Etmegiň Iş Duşuşygy Geçirildi

turkmenhabargullugy