18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Aşgabat 2017-niň Gündelik Habarlar: 16-njy Sentýabr

Aşgabat 2017-niň Gündelik Habarlar: 16-njy Sentýabr

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçirilýän Aşgabat 2017 ýaryşlarynyň ilkinji gününde jiu-jitsu hem-de türkmen milli göreşi, şeýle-de erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçirilen futzal boýunça medal çäreleriniň birnäçesi geçirildi.

Oýunlary geçirýän Türkmenistan döwletiniň türgenleri jiu-jitsu hem-de türkmen milli göreşi sport ugurlary boýunça aglaba medallary gazanmak arkaly, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Günüň soňunda Türkmenistanly türgenler jemi 37 medal toplady, olaryň 16-sy altyn medalyň eýesi boldy.Türkmenistandan soňra jemi 13 medal gazanmak bilen ikinji orny Özbegistan eýeledi. Özbegistanly türgenler jemi 13 medal gazanmagy başardy.

Jiu-jitsu

Jiu-jitsu boýunça ýaryş geçirilen günüň ilkinji ýarymyndan Aşgabat 2017 oýunlaryny gurnan ýurt hökmünde Türkmenistanly türgenler üçin ajaýyp gün bolup geçdi. Ýagny, Türkmenistanyň jiu-jitsu boýunça ýygyndy topary Oýunlaryň dowamyndaky ilkinji altyn medaly gazanmagy başardy. Jelilmuhammet Hojamyradow hem-de Myrat Gimmiýew erkekleriň arasynda Nusgawy Duo görnüşi ýaryşlarynda ýeňiji bolmagy başardylar. Günüň ahyrynda türkmen jiu-jitsu türgenleri şenbe güni geçirilen ýaryşlaryň netijesinde jemi 13 medal gazanyp, olaryň 6-sy altyn medaldyr.

Türkmen milli göreşi

Türkmen tomaşaçylarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan hem-de söýgi bilen syn edýän sport ugurlarynyň biri bolan hem-de Aşgabat 2017 oýunlarynyň çäginde geçirilen türkmen milli göreşi boýunça ýaryşlar şenbe güni tolgundyryjy pursatlar bilen Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda açyk diýlip yglan edildi. Ýeri gelende aýtsak, bu sport ugry oýunlary gurnaýan ýurtda, ýagny Türkmenistan döwletiniň çäginde has-da meşhurdyr. Ýaryşyň ahyrynda türkmen pälwanlary jemi 24 sany medal gazanyp, şolaryň 10-sy altyn medaly öýlerine äkitmegi başardy.

Bu sport ugry boýunça türkmenistanly türgenlerden başga üstünlik gazanmagy başaran ýurt Özbegistan boldy. Özbegistanly erkek hem-de zenan türgenler hem ýurtlaryna medal alyp barmakda deňine yhlas edip, 10-dan gowrak medal gazanmagy başardy. Şenbe güni geçirilen türkmen milli göreşi boýunça ýaryşda olar jemi 12 sany, olardan 2-si altyn medal aldy.

Futzal

Aşgabat 2017 oýunlarynyň çäginde geçirilen futzal boýunça erkekleriň hem-de zenanlaryň arasyndaky ýaryşlar bir wagtda şenbe güni başlady. Garşydaş toparlaryň gazanan utuklary belli bir wagta çenli juda tapawutlanmady, emma zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda Eýran Yslam Respublikasynyň zenanlar topary 16-1 hasap bilen Palestinanyň ýygyndy toparyny utup, oýny has-da gyzgalaňly geçirdi.

Erkekleriň arasynda bolsa, Hytaý Halk Respublikasynyň ýygyndy topary bilen geçirilen futzal ýaryşynda 6-1 hasap bilen ýeňiş gazanmagy başaran Owganystanly türgenler tomaşaçylaryň has-da göwnünden turdy.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmen we Gazak Işewürliginiň Arasyndaky Gatnaşyklarynyň Ösdürilmegini Goldaýar

Web Saýtymyzyň Temasy Täzelendi

turkmenhabargullugy

Çeper Gimnastika Boýunça Paýtagtly Gyzlar Ýeňiş Gazandylar

syrach