22.4 C
Aşkabat
08.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Aşgabat 2017-niň Üçünji Güni

Aşgabat 2017-niň Üçünji Güni

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň üçünji gününiň dowamynda jiu-jitsu we türkmen milli göreşi boýunça medal gowşurylyş dabaralary geçirildi. Bu gün ýeňil atletika, welosportuň trek görnüşi, agyr atletika we taekwondo boýunça öňe saýlanan ýeňijilere-de medallar gowşuryldy.

Ýer eýeleri bolan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hem birnäçe türgenleri jiu-jitsu we türkmen milli göreşinde tapawutlanyp, ençeme medally orunlary eýelediler. Häzirki wagtda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary umumy toparlaýyn hasapda ilkinji orny saklap gelýär. Şu günüň dowamynda türkmen sport ussatlary jemi 28 altyn medala mynasyp boldylar. Eýran Yslam Respublikasyndan gelen türgenler altyn medallaryň 4-sini, Özbegistandan, Taýlanddan, Gazagystandan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen türgenler bolsa 3-sini gazandylar.

Degişli makalalar

Rostami Aşgabat Şäherini Taryplady

TOPH Döwletara Gaz Geçirijisiniň Türkmen Böleginde Kompressor Bekedi Gurlar

ABŞ-da Buraw Desgalarynyň Sanynyň Artýandygy Baradaky Maglumatlaryň Netijesinde Nebitiň Bahasy Aşaklady