22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Aşgabat Aziadasynyň Keşbi Etnografiýa Özboluşlylygy Hem-de Bezegiň Täsinligini Özünde Jemleýär

Aşgabat Aziadasynyň Keşbi Etnografiýa Özboluşlylygy Hem-de Bezegiň Täsinligini Özünde Jemleýär

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi keşbi we tumary tassyklanyldy. Aziada-2017-niň dürli keşpler toplumynyň üsti ýurdumyzyň milli hem-de etnografiki özboluşlylygyny, medeni-taryhy aýratynlyklaryny, onuň tebigat dünýäsini we halk däp-dessurlaryny görkezýän çuň manyly alamatlar bilen ýetirildi.

Tutuş suratda ýaşaýşyň ýagty alamaty duýulýar, onda eýýamlar, ýylyň dürli pasyllary we türkmen tebigatynyň dürli landşaftlary birleşipdir. Ine, uç-gyraksyz çölüň belent alaňlarynyň üstünden düýeleriň “kerweni” ýüzüp barýar. Aziadanyň keşbiniň nagyşlarynda meşhur türkmen taryhy ýadygärlikleriniň we täze ajaýyp binalaryň sudurlary, ak öýleriň, haly gölleriniň, zergärçilik sungatynyň önümleriniň şekilleri we hatda pälwanlaryň tutluşýan şekilleri hem mese-mälim görünýär.

Bularyň ählisi özboluşlylygyň hem-de parahatçylyk söýüjiligiň jarnamasy, umumy ajaýyp geljegiň bähbidine halklaryň arasyndaky döredijilige, dostluga çagyryş hökmünde Aziadanyň keşbinde köpöwüşginli hem-de aýdyňlyk bilen beýan edilipdir.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Partiýasy

syrach

Türkmenistan-Dünýä Energetikasynyň Durnukly Ösüşiniň Strategik Merkezi

OPEC+ Boýunça Oňaýly Yşaratlara Garaşmanyň Netijesinde Nebitiň Bahalary Ýokarlanýar

turkmenhabargullugy