26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Aşgabatda Araly Halas Etmegiň Iş Duşuşygy Geçirildi

Aşgabatda Araly Halas Etmegiň Iş Duşuşygy Geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etjek döwründe degişli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek boýunça iş duşuşygy geçirildi.

2016-njy ýylyň 30-njy noýabry – 1-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etjek döwründe degişli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň anyk ugurlaryny kesgitlemek boýunça iş duşuşygy geçirildi.

Bu çäre Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň oba we suw hojalyk ministrligi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmeginiň netijesinde GIZ-iň «Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň serhetüsti dolandyrylmagy» maksatnamasy bilen gurnaldy.

Bu iş duşuşygyna milli edaralarynyň we aşakdaky halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar: BMG-niň Merkezi Aziýadaky Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkezi, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak baradaky maksatnamasy (YUNEP), GIZ-iň «Merkezi Aziýada suw serişdeleriniň serhetüsti dolandyrylmagy» maksatnamasy, Bütindünýä banky, Ýewropa Bileleşigi, Şweýsariýanyň ösüş we hyzmatdaşlyk agentligi, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiki meseleleri boýunça merkezi we beýlekiler.

Duşuşygyň esasy maksady Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetine goldaw bermek üçin olaryň tejribelerine we potensial gyzyklanmalaryna laýyklykda halkara hyzmatdaşlary bilen işleşmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we kesgitlemek boldy.

Bu duşuşygyň dowamynda halkara guramalarynyň wekilleri, milli we halkara bilermenleri Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň üç ýylynyň dowamynda halkara hyzmatdaşlarynyň goldamagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasy tarapyndan amala aşyryljak esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäginde sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen geljekdäki tagallary, şol sanda Aral deňziniň howdanynyň Maksatnamasynyň eýýam hereket edýän taslamalaryny we Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasynda Türkmenistanyň başlangyçlarynyň esasynda döredilen taze ugurlaryny goldamaga taýynlygyny tassykladylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda geljekde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň sebitleýin suw we ekologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça umumy tagallalaryny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň ylaýyk meýdança bolup hyzmat etjekdigi bellenildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach

Türkmen-Awstriýa Dostlugy

syrach

Şanly Sene Mynasybetli Baýramçylyk Konserti