22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň sergisi açyldy.

Paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň harytlarynyň VII ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady.

Ony “Pars Pegah Tejarat” sergi kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy gurady.

Dostlukly goňşy ýurduň paýtagtymyzda däbe görä her ýyl geçirilýän sergisi Türkmenistan bilen EYR-niň arasyndaky köpugurly netijeli hyzmatdaşlygyň aýdyň mysaly bolup durýar. Ol dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmek we giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin netijeli çärä öwrülýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan täze tehnologiýalary we ylmy gazananlary çekmegiň esasynda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmak syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen, halkara hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär. Şunda biziň ýurdumyz goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär. Häzir Eýran ägirt uly senagat we ylmy kuwwata eýe bolan dünýäniň iri döwletleriniň biri bolmak bilen, biziň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ol strategik ähmiýete eýe bolan giň gerimli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.

Üstünlikli tamamlanan taslamalaryň hatarynda Merkezi Aziýanyň döwletlerini Ýewropa bilen birleşdirýän möhüm ulag geçelgesine öwrülen Tejen-Sarahs-Maşat demir ýoluny, “Körpeje Gurtguýy”, “Artyk Lýutfabat” we “Döwletabat-Sarahs-Hangeran” gaz geçirijileri, ýokary woltly “Balkanabat-Aly-Abad” häzirki zaman elektrik geçiriji ulgamy, “Dostluk” suw howdany bar. “Gazagystan-Türkmenistan-Eýran” halkara demir ýolunyň gurluşygy, “Transaziýa-Ýewropa” optika-süýümli ulgamy çekmek işleri depginli alnyp barylýar.

Ýola goýlan döwletara gatnaşyklary Eýranyň işewür toparlarynyň gyzyklanmasynyň artmagyna hem-de telekeçilik ulgamynda ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge hyzmat edýär. Biziň ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän işewürlik maslahatlary we ykdysady sergiler oňa giňden ýardam edýär. Şu gün Aşgabatda açylan Eýranyň harytlarynyň ýöriteleşdirilen sergisi hem özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemek üçin uly mümkinçilikleri döreder. Sergä önüm öndüriji kompaniýalaryň hem-de gurluşyk serişdelerini we enjamlaryny, ulag serişdelerini we ätiýaçlyk şaýlaryny, dag-magdan we himiýa önümlerini, dokma önümlerini, azyk harytlaryny, bezeg ösümliklerini we beýlekileri getirýän kompaniýalaryň 70-den gowragy gatnaşýar. Olar sergä hünärmen-işläp taýýarlaýjylaryň, menejerleriň, bilermenleriň 220-den gowragyny iberip, işewür hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmäge uly isleg bildirdiler, täze teklipleri we taslamalary hödürlediler.

Ýöriteleşdirilen serginiň açlyşy dabarasyna Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sergä gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary gyşarnyksyz giňeltmegiň möhüm şerti bolan häzirki serginiň ähmiýetini belläp, iki ýurduň işewür toparlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljegini öwrenmäge, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we täze tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna, tagallalary utgaşdyryp işlemäge isleg bildirýän eýran kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge uly mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi.

Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşjylara we myhmanlara Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň halkara gatnaşyklary boýunça orunbasary jenap Ali Saidlu gutlag sözleri bilen ýüzlendi. Ol däbe öwrülen köpasyrlyk türkmen-eýran gatnaşyklarynyň türkmen Lideriniň ýöredýän oňyn daşary syýasaty we Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň öňdebaryjy pudaklaryny diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça başyny başlan giň gerimli maksatnamasy netijesinde täze ösüşe eýe bolýandygyny belledi. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygy munuň aýdyň subutnamasy bolup, taraplar ony has-da artdyrmagy göz öňünde tutýarlar.

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde guralan bu çäre Eýranyň senagat önümleriniň, dünýäniň köp ýurtlaryna, şol sanda biziň ýurdumyza iberilýän ýokary hilli harytlaryň tanyşdyryş dabarasyna öwrüldi.

Serginiň birinji gatynda we onuň ýanaşyk ýerlerinde Eýranyň iri awtomobil zawodlarynyň – “Saipa diezel”, “Saipa khodro”, “Iran Khodro Ashabat” kompaniýalarynyň pawilýonlary bu ýere gelenleri “Renout” kysymly ýük awtoulaglary we ýük çekijiler, “Scania Classik” kysymly şäherara gatnawlary we şäher ýolagçylary üçin häzirki zaman amatly awtobuslar, şeýle hem “Saipa” we “Pegout” kysymly ýeňil awtoulaglar bilen tanyşdyrdy.

Sergi köşgüniň ikinji gatyndaky pawilýonlaryň diwarlyklary gurluşyk senagaty, nebitgaz we elektroenergetika, ýol-ulag pudaklary, suw we oba hojalygy üçin niýetlenen enjamlaryň hem-de tehnikalaryň nusgalary we maketleri, alýumin we plastik metal gurnamalary, bezeg we timarlaýyş gurluşyk serişdeleri, senagat dokmasyndan taýýarlanan ýer örtükleri, gözegçilik ulgamynyň dürli abzallary bilen tanyşdyrýar. Halkara hil we ekologiýa howpsuzlygynyň ülňülerine gabat gelýän bu önümler türkmen bazaryna giňden ugradylyp, olar özüni ýokary öndürijilik, tygşytlylyk tarapyndan örän gowy görkezdiler.

Iri senagat desgalaryny gurmaga, tehniki taýdan enjamlaşdyrmaga ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň hatarynda “Kayson”, “Farab” (suw desgalary, tonneller), “Ravan abnieri novin”, “Azar Pasillo” (ýollar we köprüler), “Peiс Petrol”, “Fanavazan enerjy” (nebitgaz desgalary), “Iran transfo”, “Iran eleсtriсal equiment” (transformator beketleri we elektrik üpjünçilik ulgamlary), “Iralia” (ýyladyşhanalar we gülhanalar, miwe şirelerini we goşundylary öndürýän zawodlar) we beýlekiler bar.

Dürli desgalaryň gurluşygy üçin ýygyndy metal gurnamalary (“Ista stell struture”, “Towzinger” ) örtüji serişdeleriň nusgalary (“Behbam”), plastik enjamlar (“Kian Persia”), dürli maksatlar üçin niýetlenen turbalar (“Anhar hayyat”, “Fayyaz”, “Novin Poosh”), kabeller (“Navak silk road”, “Yazd wire”), lak-boýag we bezeg önümleri (“Navak”), suw üpjünçilik üçin elektrik hereketlendirijiler we sorujylar (“Abraham sanat”), dürli gurluşyk serişdeleri önüm öndürijileriň diwarlyklarynda görkezilýär.

Lukmançylyk abzallaryny we derman serişdelerini öndürýän firmalaryň meýdançalary aýratyn hatarda ýerleşdirildi. Stomotalogik otag üçin gurallar bilen “Osven asia mediсal instrument” kompaniýasynyň diwarlygy tanyşdyrdy.

Süýji önümler eýran eksportunyň aýratyn ugry bolup durýar. Önüm öndüriji “Soliko group”, “Novin Poush jei”, “Eftekhare golestan”, “Nasp novin golestan”, “Behnoush” kompaniýalarynyň sergi diwarlyklary doňdurmanyň, süýjülikleriň, kakadylan önümleriň, kökeleriň, peýnir-süýt we şöhlat önümleriniň dürli reňkli gaplary, şeýle hem miweli içgiler bilen ünsüňi çekýär.

Gülleri hem-de agaçlaryň we gyrymsy ösümlikleriň bezeg görnüşlerini getirýän “Soda sähranyň” meýdançasy senagat harytlarynyň içinde “gök ýaýla” öwrülip, olar biziň ýurdumyzda hem seýilgählere we baglara bezeg berýär.

Hemişe bolşy ýaly, sergä gadymy eýran halylarynyň, suratly haly matalar, gündelik durmuşda ulanylýan zatlar we beýlekiler bezeg berdi. Olar goňşy eýran halkynyň gadymy medeniýetiniň baý taryhyny we sungatyny açyp görkezýär.

Üç gününiň dowamynda bu ýere gelýänleriň täze tehnologiýalary we işläp düzmeleri görkezýän köpugurly sergi bilen tanyşmaga, özara bähbitleriň esasynda geljekki meýilnamalary we işewür başlangyçlary kesgitlemäge mümkinçiligi bolar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň DIM-de Hazar Deňzinde Ylmy-Barlaglary Geçirmek Hakyndaky Ylalaşygyň Taslamasy Ara Alnyp Maslahatlaşylýar

BERDİMUHAMEDOW KARARA GOL ÇEKDİ

syrach

Uly özgerişlikleriň badalgasy.

syrach