21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

BERDİMUHAMEDOW KARARA GOL ÇEKDİ

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Annamuhammet Mätiýewiç Goçyýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň Ykdysady geňeşine Türkmenistandan wekil hökmünde bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň müdüriýetiniň başlygy Tuwakmämmet Amanberdiýewiç Japarow Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysy we Aziýanyň Ösuş bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Maliýe ministri Döwletgeldi Sadykow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Birleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Malie ministriniň orunbasary Durdyly Baýlyýewiç Durdylyýew Halkara pul gaznasynyň Türkmenistandan dolandyryjysynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach

Burkina-Fasonyň Daşary Işleri Ministri Bilen

syrach

Botanika instituty myhmanlaryna gapylaryny giňden açýar

syrach