21.6 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Aşgabatda Geçirilýän Medeniýet Hepdeliginiň Ikinji Gününde Sergiler Guraldy, Sahna Eserleri Görkezildi

Aşgabatda Geçirilýän Medeniýet Hepdeliginiň Ikinji Gününde Sergiler Guraldy, Sahna Eserleri Görkezildi

Aşgabatda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününde sergiler guraldy, sahna eserleri, kinofilmler görkezildi hem-de konsertler guraldy.

Şekillendiriş sungaty muzeýinde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi açyldy. Bu waka mynasybetli geçirilen dabarada şu gezekki gözden geçirilişiniň milli sungatymyzy giňden wagyz etmek, ýaş türkmenistanlylary watançylyk ruhunda terbiýelemek babatda ähmiýeti nygtaldy. Diwarlyklarda suratkeşleriň eserleri, zergärçilik önümleri, heýkeltaraşlyk we kulalçylyk eserleri, milli lybaslaryň nusgalary, halylar hem-de haly önümleri görkezilýär.

Türkmen döwlet gurjak teatrynda guralan çagalar baýramçylygy milli zehinleriň çäksiz çeşmesiniň aýdyň subutnamasy boldy. Teatryň sahnasynda “Nesilleriň joşguny” döredijilik topary öz maksatnamasyny görkezdi, joşgunly aýdym-sazly tanslar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

“Watan” kinokonsert merkezinde “Magtymguly” kinofilmini döredijiler bilen duşuşyk hem-de filmiň görkezilişi boldy.

Agşam sahna sungatyna sarpa goýýanlar Alp Arslan adyndaky Milli drama teatrynda goýlan “Görogly we Agaýunus” sahna oýnunyň görkezilişine çagyryldy.

Türkmen paýtagtynda ýaýbaňlandyrylan döredijilik çärelerinde agşamlaryna adamlaryň has-da köp ýygnanýan ajaýyp seýilgählerinde we seýilbaglarynda gurnalan açyk sahna meýdançalary işjeň peýdalanyldy.

Şu gün Abadan etrabynyň merkezi seýilgähinde Aşgabadyň ýaşaýjylary we myhmanlary aýdym-sazlaryň ajaýyp heňlerinden lezzet aldylar.

Medeniýet hepdeliginiň ikinji gününiň baýramçylyk çäreleri Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň “Aşgabat” aýdym-saz merkezindäki konserti bilen tamamlandy.

Degişli makalalar

(TENDER) Türkmenbaşynyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumy Bäsleşik Yglan Edýär

Ýurdumyzyň Maliýe-Ykdysady Strategiýasynyň Möhüm Ugurlary

turkmenhabargullugy

Ýaş Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Netbuklary Öndürmek Boýunça Taslama Badalga Berdi